Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orta gatlak jemgyýeti üýtgederden has ejiz


Balkan döwletlerinden başlap, Orsýete we Owganystana çenli tutuş Ýewraziýa dünýä böleginde özlerini «orta gatlak» diýip atlandyrýan köp adamlar bar. Olar bu meselede ýa öz malýie girdejilerini ýa-da öz alan bilimlerini göz öňünde tutup, şeýle pikir edýärler. Ýöne bu gatlak sosial güýç hökmünde öz ýaşaýan jemgyýetini üýtgederden has ejiz gelýär.

Günbataryň orta gatlagy taryhyň dowamynda raýatlara has köp söz azatlygynyň berilmegini we olaryň döwletiň dolandyryşyna gatnaşdyrylmagyny talap etmekde möhüm güýç bolup geldi.

Emma dünýäniň Ýewraziýa bölegindäki köp ýurtlarda kiçi telekeçilerden we professional işgärlerden ybarat bu orta gatlak diňe indi-indiler şeýle güýje öwrülmeli ýa-da öz aralarynda umumy bir maksada eýermegi öwrenmeli. Munuň hem özüne ýetesi sebäpleri bar.

Bu sebäplerden biri bu regiondaky ýaşaýjylaryň uzak döwrüň dowamynda başdan geçiren käbir ýeňil bolmadyk ýaşaýyş tejribelerinden gelip çykýan biparhlyk we sinizm bilen baglanyşykly. Mysal uçin, ozalky Sowet Soýuzyna degişli ýurtlarda dowam edýän ykdysady kynçylyklar ýokary sosial ideallara ynanýan köp adamlary özleriniň gündelik durmuşlaryndaky ynançlaryna garşy gitmäge mejbur edýär.

Moldowa mysaly

Moldowadaky ýagdaýlar bu problemanyň aýdyň mysalydyr. Moldowanyň hökümetini korrupsiýada aýyplaýan köp lukmanlaryň we mugallymlaryň özleri döwlet tarapyndan tölenýän aýlyk hakynyň gün aýlamaga ýetmeýänligi sebäpli para-peşgeş we sowgat almak ýaly işlere baş urmaga mejbur bolýandyklaryny boýun alýarlar.

Hususy telekeçilik işi bilen meşgullanmak üçin medisina pudagyny terk eden moldowaly ozalky lukman Waleriu Ursu bu problema barada şeýle diýdi: «Elbetde, aýlyklaryň pes bolmagy köp problemalara sebäp bolýar. Ýurduň medisina pudagyndaky korrupsiýa we parahorluk hakykatyň diňe ýarpysy. Käte nähoşlar öz saglygyny bejermek üçin lukmanlaryň eden aladasy üçin olara ak ýürekden hem pul berýärler. Ýöne, gynansak-da, nähoşlaryň pul tölemäge mejbur edilýän halatlary-da bolýar. Elbetde, bu uly utanç iş we uly problema».

Şu problemalaryň netijesinde-de köp professionallar Moldowany terk etmäge mejbur bolýarlar. Käbir hasaplamalara görä, häzirki wagtda, Pridnestrowiýa regionyny hasaba almanyňda, iş gözleginde daşary ýurtlara giden Moldowanyň graždanlarynyň sany bu ýurduň tutuş işçi güýjüniň 16 prosenti bilen 27 prosentiniň aralygynda diýlip hasaplanylýar.

Basylyp ýatyrylýar

Postsowet döwletlerinden köpüsinde orta gatlagy düzmeli toparlardan köpüsi jemgyýete öz seslerini hem eşitdirip bilmeýärler. Sebäbi olaryň hereketleri dolandyryjy elitalar tarapyndan aktiw ýagdaýda basylyp ýatyrylýar.

Orta gatlagy düzmeli adamlara garşy görülýän çäreler käte olara garşy jenaýat işlerini gozgamak we olary türmä basmak ýaly mehanizmler arkaly amala aşyrylsa, gündelik durmuşda bu çäreler biznesmenleri we şirketleri jerimeleredir salgytlara sezewar etmek ýaly görnüşlerde-de ýüze çykýar.

Dolandyryjy elitanyň bu gysyşlaryndan halas bolmagyň ýeke-täk ýoly – ýurdy terk etmek ýa-da dolandyryjy režimi goldaýjylaryň hataryna goşulmak.

Käbir ýurtlarda, mysal üçin Ermenistanda, kiçi şirketlere eýelik edýän käbir bisnesmenler häkimiýetleriň ünsüni özlerine çekmezlik üçin öz bizneslerini ösdürmäge dyrjaşman, gaýta ony pesräk derejede saklamaga çalyşýarlar. Sebäbi ýurtda ýüze çykýan islendik çynlakaý iş derrew häkimiýetleriň ýa-da olara ygrarly toparlaryň gözüne ilýär we muňa garşy çäreler görlüp başlanylýar.
XS
SM
MD
LG