Wenesueladaky goragly künjekler ýurduň ýarpysyna golaýdyr. Owganystandaky goragly tebigy künjekler bolsa, ýuduň diňe 1 prosentini emele getirýär.
Internediň Singapurdaky tizligi Türkmenistanyňkydan 60 esse ýokary bolup biler.
2018-nji ýylda Ýewropada we Merkezi Aziýada 53 müňden gowrak adam öz ýurdunyň içinde bir ýerden başga ýere göçürildi. Häzirki wagt dünýäde göçe-göçlüge mejbur bolan 41 milliondan gowrak adam bar.
Halkara “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň 2019-njy ýylda dünýäde metbugat azatlygy boýunça taýýarlan ýyllyk reýtingine görä, Ýewropa erkin metbugatyň henizem penasy hasaplanýar.
2019-njy ýylyň soňky üç aýynyň dowamynda Facebook "utgaşykly hakykata gabat gelmeýän häsiýetde özüni alyp barmagy"* diýilýän bilen ilteşikli 6000-e golaý hasaby, sahypany we topary pozdy.
NASA dünýäde iň köp maliýe serişdesi goýberilýän kosmos agentligi bolup durýar. Aşakda uly göwrümli býujetlere eýe bolan beýleki kosmos programmalary ýerleşdirildi.
Her ýyl pasportyň eýesiniň wizasyz sapar edip bilýän ýa-da baryp wiza alyp bilýän ýurtlarynyň möçberine esaslanylyp, “iň güýçli” pasportlaryň sanawy çap edilýär. 2010-njy ýyldan bäri käbir pasportlaryň abraýy ýokarlansa, käbiriniňki pese gaçdy.
Şu ýyl Owganystan öz territoriýasynda ölen adamlaryň sany boýunça dünýäde ilkinji orunda ýerleşdirildi. Ýylyň başyndan şu güne çenli bu ýurtda jemi 44 müň 655 adam öldi.
1987-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Ronald Reagan we sowet lideri Mihail Gorbaçýow tarapyndan gol goýlan “Orta aralykly ýadro güýçleri” (INF) şertnamasy birnäçe raketadan peýdalanmagy gadagan edýär.
Gara deňzinde Russiýanyň harby güýçleri ukrain gämilerine ot açyp, 23 deňizçini ele geçirenden soň, Ukrainanyň parlamenti ýurtda 30 gün harby ýagdaýy girizmek barada ses berdi.
11-15-nji sentýabr aralygynda geçiriljek “Wostok-2018” atly bilelikdäki harby-tälim türgenleşige 300 müň harby, 1000-den gowrak uçar gatnaşar we bu Orsýetde soňky 40 ýyla golaý wagtyň dowamynda geçirilen iň uly harby tälim-türgenleşik bolar.
1968-nji ýylda doglan nemes aýallarynyň tas dörtden bir böleginiň çagasy ýok. Aşakda beýleki ýewropa ýurtlaryndaky ýagdaýa syn edip bilersiňiz.
Ýene-de ýükle