Owganystanda, Ukrainada we Pakistanda geçen ýyl ölen adamlaryň tas 40%-niň ýere düşelen minalaryň we uruşdan galan partladyjy serişdeleriň (ERW) esasynda heläk bolandygy hasaba alyndy.
Russiýada adam öldürmek wakalarynyň görkezijisi 2000-nji ýyldan bäri 68% azaldy. Ýöne bu görkeziji Owganystandakydan ýa-da Birleşen Ştatlardakydan heniz hem ýokary.
2017-nji ýylda Belgiýanyň, Fransiýanyň we Ispaniýanyň polisiýasy her 100 müň adama düşýän ogurlyk wakalarynyň sany boýunça iň ýokary görkezijileri hasaba aldy. Aşakda Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň görkezijilerine syn edip bilersiňiz.
Merkezi we gündogar ýewropalylar gomoseksuallygy kabul etmek babatynda günbatar ýurtlaryna garanda birneme az çydamly ýaly bolup görünýär.
Soňky 10 ýylyň dowamynda dünýäniň dürli künjegindäki adamlardan kesekä kömek edip-etmändigi, haýyr-sahawat üçin pul berip-bermändigi ýa-da guramalara öz wagtyny meýletin sarp edip-etmändigi barada soraldy. Birleşen Ştatlar, Birma we Täze Zelandiýa dünýäniň iň jomart ilatly ýurtlary hasaplanýar.
Gender deňligi barada gürrüň edilende, kontinente demirgazyk we günbatar Ýewropa liderlik edýär. Ýöne öňki Gündogar blokdaky ýurtlaryň köpüsi hem bu meselede özleriniň ýagdaýynyň gowulaşandygyny aýdýar.
“Olary Diri Görkeziň!” kampaniýasy Türkmenistanyň türmelerinde 121 adamyň ýitirim edilendigini; şol bir wagtda olaryň asyl sanynyň has hem köpdügini aýdýar.
Sowetler jemi 48 it-kosmonawtyny kosmosa uçurdy. Olaryň 20 sanysy öldi.
Tertip üç ýyl bäri Ýewropadan gaçybatalga soraýanlaryň sany kemelýär. Emma, 2018-nji ýylda 400 müň arza ret edildi. Olaryň aglabasy owganlar, nigeriýalylar we yraklylar.
Täze hasabata görä, dünýäniň iň dyknyşyk ýolly 50 şäheriniň arasynda Russiýanyň dört şäheri hem bar.
Köp ýurtlaryň Sowet Soýuzynyň ozalky täsirinden uzaklaşmak üçin eden tagallalaryna garamazdan rus diliniň täsiri heniz hem güýçli bolmagyna galýar.
Her ýylda çekilýän çilimleriň sanyna görä, Lýuksemburg, Belarus we Demirgazyk Makedoniýa öňdäki orunlary eýeleýärler.
Ýene-de ýükle