Soňky 10 ýylyň dowamynda dünýäniň dürli künjegindäki adamlardan kesekä kömek edip-etmändigi, haýyr-sahawat üçin pul berip-bermändigi ýa-da guramalara öz wagtyny meýletin sarp edip-etmändigi barada soraldy. Birleşen Ştatlar, Birma we Täze Zelandiýa dünýäniň iň jomart ilatly ýurtlary hasaplanýar.
Gender deňligi barada gürrüň edilende, kontinente demirgazyk we günbatar Ýewropa liderlik edýär. Ýöne öňki Gündogar blokdaky ýurtlaryň köpüsi hem bu meselede özleriniň ýagdaýynyň gowulaşandygyny aýdýar.
“Olary Diri Görkeziň!” kampaniýasy Türkmenistanyň türmelerinde 121 adamyň ýitirim edilendigini; şol bir wagtda olaryň asyl sanynyň has hem köpdügini aýdýar.
Sowetler jemi 48 it-kosmonawtyny kosmosa uçurdy. Olaryň 20 sanysy öldi.
Tertip üç ýyl bäri Ýewropadan gaçybatalga soraýanlaryň sany kemelýär. Emma, 2018-nji ýylda 400 müň arza ret edildi. Olaryň aglabasy owganlar, nigeriýalylar we yraklylar.
Täze hasabata görä, dünýäniň iň dyknyşyk ýolly 50 şäheriniň arasynda Russiýanyň dört şäheri hem bar.
Köp ýurtlaryň Sowet Soýuzynyň ozalky täsirinden uzaklaşmak üçin eden tagallalaryna garamazdan rus diliniň täsiri heniz hem güýçli bolmagyna galýar.
Her ýylda çekilýän çilimleriň sanyna görä, Lýuksemburg, Belarus we Demirgazyk Makedoniýa öňdäki orunlary eýeleýärler.
Wenesueladaky goragly künjekler ýurduň ýarpysyna golaýdyr. Owganystandaky goragly tebigy künjekler bolsa, ýuduň diňe 1 prosentini emele getirýär.
Internediň Singapurdaky tizligi Türkmenistanyňkydan 60 esse ýokary bolup biler.
2018-nji ýylda Ýewropada we Merkezi Aziýada 53 müňden gowrak adam öz ýurdunyň içinde bir ýerden başga ýere göçürildi. Häzirki wagt dünýäde göçe-göçlüge mejbur bolan 41 milliondan gowrak adam bar.
Halkara “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň 2019-njy ýylda dünýäde metbugat azatlygy boýunça taýýarlan ýyllyk reýtingine görä, Ýewropa erkin metbugatyň henizem penasy hasaplanýar.
Ýene-de ýükle