Ýokary
Berdimuhamedowyň “ýazan” kitaplary

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet başyna geçensoň, onuň dürli temalara, şol sanda dermanlyk ösümliklerine, ahal-teke atlaryna, medeniýete bagyşlanan onlarça kitaby çapdan çykdy. Belläp geçsek, kähalatlarda bir ýylyň dowamynda Berdimuhamedowyň ençeme kitaby hem halk köpçüligine ýetirilýär. Aşakdaky infografikde G.Berdimuhamedowyň adyndan çykan şol kitaplar barada maglumat berilýär.



Eserler ýygyndysy
“Saýlanan eserler ýygyndysy” kitabynyň häzire çenli 6 tomy çapdan çykdy. Bu kitapda prezidentiň çykyşlary çap edilýär. Onuň birinji tomy 2008-nji ýylda ýylda, iň soňky altynjy tomy bolsa 2013-nji ýylda çap boldy.



Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz
Bu kitap 2008-nji ýylda çapdan çykdy. Bu kitapda ahalteke atlary barada gürrüň berilýär. Bu kitap birnäçe daşary ýurt dillerine terjime edilip, rus, iňlis, rumyn dillerinde çapdan çykan bu kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary hem geçirildi.



Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri
Bu köptomluk kitabyň birinji tomy 2009-njy ýylda çapdan çykdy. Häzire çenli bu ensiklopedik kitabyň 6 tomy çap edildi. Onuň ýedinji tomy ýakyn günlerde çap edilmeli. Kitap üç dilde türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýär. Bu kitap birnäçe beýleki daşary ýurt dillerine hem terjime edildi. Kitapda Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikler, olaryň dermanlyk häsiýetleri we olardan derman öndürilşi barada gürrüň berilýär. Bu kitabyň Türkmenistanyň ähli medisina edaralarynda bolmalydygy aýdylýar.



Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy
Bu iki tomluk kitap 2010-njy ýylda çapdan çykdy. Onuň birinji tomy 445 sahypadan ybarat bolup, bahasy 31 manat 80 teňňä barabardyr. Ikinji tomy 208 sahypadan ybarat bolup, bahasy 16 manat 80 teňňä durýar. Rus dilinde hem çapdan çykan bu kitap okuw gollanmasy diýlip hasaplanýar. Kitapda globallaşýan döwürde ýurduň bazar ykdysadyýetine geçmegi barada gürrüň berilýändigi aýdylýar.



Türkmenistan-melhemler mekany
Bu kitap 2011-nji ýylda çap edildi. 166 sahypalyk bu kitap 5 müň ekzemplýar tiraž bilen neşir edilýär. Onuň bahasy 37 manat 61 teňňe. Ýöne bu kitap dükanlaryň barsynda tapdyrmaýar. Bu kitap iňlis we rus dillerinde hem neşir edildi. Kitapda ýurtdaky sanatoriýalar barada gürrüň gidýär.



Janly rowaýat
Bu kitap 2011-nji ýylda 9 müň ekzemplýar bilen neşir edildi. Kitap 400 sahypadan ybarat. Kitap iňlis we rus dillerine hem terjime edildi. Bahasy näbelli. Bu kitaby dükanda tapmak kyn. Kitapda türkmen halysynyň taryhy, dokalşy, gölleri barada gürrüň berilýär.



Älem içre at gezer
Bu roman 10 müň ekzemplýar tiraž bilen 2011-nji ýylda neşir edildi. Bu kitap 254 sahypadan ybarat. Kitapda prezidentiň atasy Berdimuhamet Annaýew barada gürrüň edilýär. Bu kitap rus dilinde hem çykdy.



Döwlet guşy
Bu roman 12 müň ekzempýar tiraž bilen 2013-nji ýylda çap edildi. 576 sahypadan ybarat bu kitabyň bahasy 36 manat 37 teňňe. Kitapda prezidentiň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň uruş ýyllaryna düşen çagalygy barada gürrüň gidýär. Bu kitap iňlis we rus dillerinde hem çap boldy. Bu kitap boýunça Aşgabadyň teatrlarynyň birinde oýun hem goýuldy. Kitapdaky Mälikguly Berdimuhamedowyň goşgularyna aýdym hem düzülüp, belli köşk aýdymçylary tarapyndan aýdyldy. Meselem, Jemal Saparowa şonuň ýaly aýdymlary aýtdy.



Bagtyýarlyk saglykda başlaýar
Bu kitap 2014-nji ýylda çapdan edilip, ol 376 sahypadan ybartdyr. Bu kitabyň tiražy 10 müň ekzemplýardan ybarat. Kitapda prezidentiň çykyşlaryndan saglyk barada aýdan sözleri jemlenipdir. Kitap üç dilde türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi.



Medeniýet halkyň kalbydyr
Bu kitap 2014-nji ýylda çapdan çykyp, ol 263 sahypadan ybaratdyr. Bu kitabyň tiražy 6500 ekzemplýardan ybarat bolup, bahasy 28 maat 92 teňňä deňdir. Kitapda prezidentiň çykyşlarynda medeniýet barada aýdan sözleri jemlenipdir.



Ynsan kalbynyň öçmejek nury
2014-nji ýylda ýylda çap eilip, ol 223 sahypadan ybaratdyr. Bu kitabyň tiražy 13 müň ekzempýardan ybarat bolup, bahasy 25 manat 38 teňňä barabardyr. Kitapda prezidentiň ylym, bilim we medeniýet barada aýdan sözleri jemlenipdir.



Bilim—bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk
Bu kitap 2014 ýylda çapdan çykyp, onda prezidentiň ýurduň bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmagyň maksatlary we wezipeleri, olary çözmegiň ýollary, bilimler esasynda jemgyýetiň kemala gelmegi barada aýdan sözleri jemlenipdir. Bu kitap türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edildi.



Suw - ýaşaýşyň we bolçulugyň çeşmesi
Bu kitap 2015-nji ýylda çap edilip, ol 309 sahypadan ybaratdyr. Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen bu kitapda prezidentiň çykyşlarynda suw barada aýdan sözleri jemlenipdir. Bu sitatalar suw barada makala ýazýan awtorlar tarapyndan ýygy-ýygydan ulanylýar.



Türkmenistan – abadançylygyň we rowaçlygyň ýurdy
Bu kitap 2015-nji ýylda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan ýeňşiň 70 ýyllygynyň hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli çap edildi. Prezidentiň uruş we uruş weteranlary baradaky aýdan sözleriniň ýygyndysy türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edildi.



Türkmen medeniýeti
Bu kitap 2015-nji ýylda prezident G.Berdimuhamedowyň doglan gününiň öňýanynda çapdan çykaryldy. Bu kitapda “G.Berdimuhamedowyň köpmüňýyllyk medeni mirasyň türkmen jemgyýetiniň ösüşindäki orny we häzirki zaman döwlet syýasatynyň medeniýet ulgamyndaky wezipeleri baradaky oýlanmalary öz beýanyny tapýar” diýlip, türkmen metbugatynda habar berilýär.



Ile döwlet geler bolsa
Bu kitap hem, 2015-nji ýylda prezident G.Berdimuhamedowyň doglan gününiň öňýanynda çapdan çykaryldy. Bu kitabyň “türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň taryhyna bagyşlanýandygy” bellenilýär.