Ýakynda Türkmenistanda döwletiň maldarlar bilen hasaplaşyk geçirendigi barada türkmen metbugatynda habar berildi. Şol bir wagtyň özünde käbir maldarlar hökümetiň öz aýlyk haklaryny pul görnüşinde däl-de, iri-ownuk mallar bilen hasaplaşýandygyny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa bu barada Ahal welaýatyndan özüni 60 ýaşly kärendeçi Selim daýy diýip tanyşdyran ýaşaýjy bilen söhbetdeş boldy.