Türkmenistan 4-nji noýabrda Döwlet gümrük gullugynyň döredilmeginiň 24 ýyllygyny belledi. Döwlet mediasy bu senä bagyşlanyp, dabaralay ýygnagyň geçirilendigini, tapawutlanan gullukçylaryň höweslendirilendigini, türkmen gümrükçileriniň degişli halkara standartlaryna eýe bolandygyny habar berýär.
Emma Azatlyk Radiosyna türkmen gümrükçileriniň para alýandygyny aýdýanlar hem bar. Azatlyk Radiosy türkiýeli sürüji, Türkmenistana ýük gatnadýan Myrat beg bilen söhbetdeş boldy.