Türkmenistan bilen Demirgazyk Koreýa dürli guramalar tarapyndan ýaýradylan ýyllyk hasabatlarda, şol sanda düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň metbugat azatlygy indeksinde, “Freedom House” guramasynyň azatlyklar ýaly hasabatlarynda iň pes baha berlen iki ýurt hökmünde öňe saýlanýar.
Eysem, bu iki ýurduň arasyndaky meňzeşlikler we tapawutlylyklar – iki ýurdy hem ýakyndan baryp gören adamyň nukdaýnazaryndan nähili göze ilýär?
Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu sorag bilen gyzyklanyp Gunnar Garfos bilen sohbetdes boldy.
Ol Türkmenistan we Demirgazyk Koreýa bilen bilelikde dünýäniň ähli ýurtlaryna syýahat edipdir. Ýakynda ol öz tejribelerinden ybarat bir kitap hem çap etdi.
Azatlyk Radiosy: Gunnar, siz diňe bary-ýogy 37 ýaşyňyzda dünýäniň ähli ýurduny aýlanyp çykdyňyz? Bu ýola düşmegiňize näme sebäp boldy?
Gunnar: Bu soragyň jogaby özümi hem gyzyklandyrýar. Meniň pikirimçe, bu baradaky pikir mende çagalyk wagtymda döräp başlady. Meniň üç erkek we üç gyz doganym bar, men olaryň iň ulusy.
Çaga wagtym, kakam bize giden ýurtlaryndan suratdyr, posterler ibererdi, ol ullakan ýolagçy gämide saglyk işgäri bolup işleýärdi, biz olary okap bilmezdik, onsoň kakam öýe gelende, özi şol ýurtlar barada gürrüň bererdi.
Onuň gürrüňlerini eşidenimde, meniňem şol ýerlere gidesim gelerdi. Haçan-da men ýetginjek ýaşyma ýetenimde we öz ýol çykdajymy özüm töläp biljek ýagdaýa gelenimde, sýyahata çykdym.
Azatlyk Radiosy: Dünýäniň ähli ýurtlaryna aýlanmak, elbetde, uly baýlyk, şeýlelikde şol ýurtlarda ýatdan çykmajak wakalary hem başdan geçirensiňiz, olardan bir-iki sanysyny biziň bilen paýlaşaýsňyz?
Gunnar: Elbetde, ýatlamalarym sanardan köp. Men size Türkmenistanda bolan bir ýagdaýy aýdyp bereýin. Men doganym we üç sany dostum bilen Eýranyň üsti bilen Türkmenistana bardym.
Elbetde, Türkmenistan daşary ýurtlardan gezmäge baran adamlar hökmän ýolbelet edinmeli diýlen düzgüniň höküm sürýän dünýädaky üç ýurdundan biri. Netijede ýolbeledimiz bizi serhetde garşy aldy.
Ol gaty ullakan adam ekeni, bizi gören badyna: ”Salam, meniň adym Ulak!” diýip, bize elini uzatdy. Menem özümi Gunnar diýip tanatdym. Dogry, salamdan soň, onuň ilkinji soragy meni geň galdyrdy.
“Türkmenistana gelmegiňiziň maksady näme? Içmek üçinmi ýa gyzlar üçin?” diýdi. Ol adamyň özüni alyp barşyndan çen tutsaň, Türkmenistanda şol iki zatdan başga görmäge zat ýok bolmalydy.
Hawa, elbetde, biz az-kem içişdiren bolarys, emma gyzlar diýen soragyň barada: biziň hemmämiziň öýumizde öz gelinligimiz bar diýip, jogap berdim.
”Bolanda näme” diýip, biziň ýolbeledimiz seslendi.
Ol birden köp gyz bilen aragatnaşykda bolmaklygyň o diýen bir problema däldigini pikir edýän bolmaly. Onsoň men onuň bilen diplomatik dilde gürleşmege synanyşyp, ýene şeýle diýdim: “Ulak, sen söýgi diýen zada ynanmaýaňmy?
“Ah, söýgi çykdajy etmejek bolup, fransuzlaryň oýlap tapan zady” diýip jogap berdi. Onuň gaty arkaýynlyk bilen beren bu jogaby bizi diýseň geň galdyrdy. Men eýýäm bu syýahatymyzyň geň-enaýy tejribelere baý boljagyna ynanyp başladym.
Ol bizi Garagumuň ortasyndaky ýanyp duran gaz gorlaryna, ýagny Derwezä äkitdi, ol ýer bizde gaty ýakymly täsir galdyrdy, men durmuşymda onuň ýaly zat görmändim.
Biz şol ýerde gijämizi geçirdik, Ulak bize nahar beşirdi, çadyrda galdyk, ol ýerde bizden başga hiç kim ýokdy.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistan barada gürrüň edenimizde, siz ýakynda Britaniýanyň ”The Guardian” gazetine beren interwýuňyzda “Demirgazyk Koreýanyň gaty bulaşykdygyny we ol ýerde uzak wagtlap galmagyň adamlaryň beýnisini hem bulaşdyryp biljekdigini” aýdypsyňyz. Şeýle-de edil şol interwýuňyzda Türkmenistanyň bolsa “dälilik sanawynda ikinji orunda durýandygyny aýdypsyňyz? Bu meselede näme diýjek bolduňyz, has dolurak düşündiräýseňiz?
Gunnar: Ilki bilen Demirgazyk Koreýa barada gürrüň edäýeli. Bu ýurt edil Stalin döwründäki Orsýeti ýatladýar, ýurt bir maşgala tarapyndan dolandyrylýar. Nirä seretseň, diňe propaganda gözüň düşýär.
Meselem, ýolbeletlerimiz bizi “dünýädäki iň ösen ýurduň nähili dolandyrylýandygyny görmek üçin, Norwegiýadan baran möhüm adamlar” hökmünde tanadýardy.
Biz eýýäm propagandanyň nämedigini bilenimiz üçin, bize diňe owadan ýerleriň görkezilýändigini, diňe owadan naharhanalara alnyp gidilýändigimizi hem bilýardik.
Göräýmäge, ol ýaşyl hem gaty owadan ýurt ekeni, emma şol ýerleri ösdürmek we özleşdirmek üçin sarp edilmeli pul diňe demre, ýagny ok-ýaraga sarp edilýär.
Türkmenistan barada aýdanymyzda, öňki prezidentiň aradan çykanyna ep-esli wagt boldy, emma ol yzynda aýylganç miras galdyryp gitdi. Şu günki gün Aşgabat mermere örtülen iň köp jaýy öz içine alýan şäher hökmünde Genis rekordlar kitabyna girizildi.
Elbetde, şol jaýlaryň aglabasynyň diňe göz üçin gurlandygy görnüp dur, olaryň uly bir bölegine girip-çykýan janly-jandaram ýok. Gapysynda diňe garawul goýlupdyr. Şeýle-de nirä gitseň, yzyňa düşüp, [kölegeler] yzarlap ýörler.
Elbetde, bu ýurdy dolandyrmaklygyň gowy usuly däl. Emma Türkmenistany Demirgazyk Koreýa bilen deňeşdirmek kynrak, bu ýurdy göz öňünde tutup aýtsam, Türkmenistan meniň sanawymda Demirgazyk Koreýadan soň ikinji orunda durýar.
Azatlyk Radiosy: Dürli halkara guramalar tarapyndan ýaýradylýan ýyllyk raportlarda Demirgazyk Koreýa bilen Türkmenistanyň ady sanawyň iň soňky orunlarynda ýerleşýän iki ýurt. Siz şol iki ýurdy hem ýakyndan gören bir adam hökmünde ýurduň dolandyrylyş usulyny göz öňünde tutup aýtsaňyz, olaryň arasyndaky esasy tapawutlar we meňzeşlikler nämelerden ybarat?
Gunnar: Elbetde, biz şol iki ýurtda bolanymyzda bize ýolbeletler berildi, olar hiç haçan bizi özbaşymyza goýmadylar. Ikisiniň arasyndaky meňzeşlik şundan ybarat.
Demirgazyk Koreýa barada aýdanymyzda, ol ýerde bize adaty adamlar bilen gepleşmäge-de rugsat edilmedi, hatda kimdir birini ýeke göräýiň halatynda hem ol seniň bilen gürleşmekden çekinýärdi.
Türkmenistan barada aýdanymda, iň bärkisi Aşgabady göz öňünde tutup aýtsak, bize şäheriň içinde ýolbeletsiz aýlanmaga rugsat edildi, emma şeýle bolanda hem töweregimizde mydama aýlanyp ýören adamlar bardy, kähalatlarda olaryň habarlaşmak üçin ulanylýan radio guraly arkaly kimdir biri bilen gürleşýändigini görýärdim. Turist bolanymyz üçin, şäheriň içinde bizi saklan bolmady.
Ilat bilen gepleşenimizde, olaryň öz durmuşy we ýolbaşçylary barada aýdýan gürrüňleri, elbetde, göwün açyjy däldi, Emma Türkmenistanda örän az wagt galdym, meniň maglumatymyň uly bir bölegi bu ýurt hakda daşary ýurtlarda çykan, çap edilen maglumatlardan ybarat.
Ýurduň içine baranyňda, onuň “Polisiýa döwletidigine” göz ýetirmek welin kyn däl. Emma bu ýurt barada pozitiw bir zat aýtmaly bolsa, elbetde, ony Demirgazyk Koreýa bilen deňeşdireniňde, aýdara pozitiw zatlar bar. Ýöne ýatdan çykarmaň, Demirgazyk Koreýa dünýäniň iň içgysgynç ýurdy.