Şu ýylyň tomus paslynyň başyndan Lebabyň bazarlarynda gök we bakja önümleriniň iki esse diýen ýaly gymmatlaýandygy habar berilýär.
Ýaşaýjylaryň we kärendeçileriň käbirleri bahalaryň gymmatlamagyny gök-bakja ekinler üçin ekin meýdanlarynyň paýlanyp berilmezliginde hem-de gök-bakja önümleriniň welaýata başga ýerlerden getirilmeginde görýärler.
Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Osman Hallyýew bu barada ýörite maglumat taýýarlady.