Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Häzirki wagtda paýtagt Aşgabadyň käbir, esasanam, ýöriteleşdirilen we zehinliler mekdeplerine çagalaryny okuwa bermek isleýän ene-atalardan para soralýandygy habar berilýär.
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy öý hojalykçy zenan Jahan her mekdep dürli möçberde pul serişdesini soraýar diýip, öz çagalaryny ýöriteleşdirilen ýa-da zehinliler mekdebiniň başlangyç synpyna ýerleşdirmek isleýän ene-atalardan kähalatda 1000 amerikan dollary çemesinde pul soralýandygyny belleýär.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa bu mesele bilen gyzyklanyp, Aşgabadyň ýaşaýjysy Jahan bilen söhbetdeş boldy.