Ýakynda energiýa boýunça belli eksprt, Platz žurnalynyň ozalky redaktory Jon Roberts Türkmenistanyň “Awaza” syýahatçylyk zolagynda gurnalan nebit-gaz konferensiýasyna gatnaşdy.
Azatlyk Radiosy Jon Roberts bilen söhbetdeş bolup, onuň “Awaza” tejribeleri bilen gyzyklandy.
Azatlyk Radiosy: Jon, birnäçe gün mundan ozal siz Türkmenistanyň “Awaza” syýahatçylyk zolagynda bolduňyz. Türkmen resmileri ony diýseň mahabatlandyrýar. Bu ýer sizde nähili täsirleri galdyrdy?
J.Roberts: Daşary ýurtly biri üçin “Awaza” barada bir zat aýtmak kyn düşäýmese. Ol owadan bir ýer. Ol ýerde myhmanhanalar, ýokary hilli ýahta kluby, suwa düşmek üçin howuzlar bar.
Emma men bu ýere dynç almaga gelenlere duşmadym. Muny entek dynç alyş möwsüminiň başlanmandygy bilen düşündirdiler. Myhmanhanalar aglaba boşdy. Garaz, mende häzirki pursat bu ýeriniň doly göwrümde nähili hereket edýändigi barada ýeterlik maglumat ýok.
Haçanda myhmanhananyň aýnasyndan sereden pursadyň Hazaryň owadan kenarlaryna gözüň düşýär. Ol ýerde suwa düşýän adamlar göz öňüne gelýär. Emma, bularyň ählisi diňe bir hyýal.
Azatlyk Radiosy: Siz sebitiň beýleki ýerlerine hem aýlanyp gördüňizmi?
J.Roberts: Syýahatçylyk barada aýdylanda, meniň türkmen resmileriniň geljekde gurnap biljek işleri babatynda käbir pikirlerim bar. Ýagny: çöl syýahatlary, düýelerde gezelenç, at çapyşyklary...
Eger-de bulary ýola goýup bolsa, onda sebite syýahatçylary hem çekip bolardy. Juda az syýahatçynyň nebit-gaz desgalaryny göresi gelýärmikä diýýärin.
Şeýle-de suwdaky sportlaryň dürli görnüşlerini ornaşdyryp bolardy. Emma bularyň durmuşa geçirilmegi, elbetde, diňe ýerli adamlaryň öz islegine bagly.
Sebitdäki häzirki ýagdaýlar günbatarly biriniň dynç alyş baradaky garaýyşlaryny kanagatlandyrmaýar.
Azatlyk Radiosy: Daşary ýurtlylar bilen söhbetdeş bolnanda, olar “Awazada” gurulýan desgalara garamazdan, ol ýere baryp bilmeýändiklerini, wiza berilmeýändigini aýdýarlar. Siz bu barada näme diýersiňiz.
J.Roberts: Men munuň bilen doly ylalaşýaryn. Eger-de bir konferensiýa gatnaşýan bolsaň, onda “Awaza” baryp bolýar. Turist wizasyny hem alýanlar bar. Emma, bu juda kyn bir iş. Wizanyň ähli kişä berilmeýändigini-de bellemek gerek.
Azatlyk Radiosy: “Awazadaky” myhmanhanalar barada nämeleri aýdyp bilersiňiz?
J.Roberts: Myhmanlaryň daşy we içi hem oňat. Olar günbatar myhmanlarynyň mysalynda gurlupdyr. Daşary ýurtlarda şular ýaly myhmanhanalarda “all inclusive”, ýagny ähli zat göz öňünde tutulan şertler hödürlenýär.
Emma “Awazadaky” myhmanhanalardaky hödürlenýän hyzmatlar daşary ýurtly syýahatçylary özüne çekerden ejiz gelýär. Iň bärkisi “Awazadaky” myhmanhanalarda degişlilikde juda az görnüşli tagamlar hödürlenýär. Munuň üstesine-de, “Awazada” daşary ýurtlardaky turistik merkezlerinde gurnalýan her dürli gyzykly programmalaryň biri-de ýola goýulmandyr.