Türkmen Mejlisiniň ýörite karary bilen prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň Halk atşynasy” diýen at dakyldy. Ýurduň taryhynda ilkinji gezek berlilýän bu hormatly at ýekşenbe güni Bedew baýramy mynasybetli geçirilen dabaranyň çäginde gowşuryldy.
Ilatyň öňüne gyrmyzy donly, silkme telpekli çykan Berdimuhamedowyň döşüne agzalan hormatly adyň ordeni dakyldy we atşynaslygyň simwoly hökmünde eline gamçy berildi...
“Türkmenistanyň Halk atşynasy” diýen ady alansoň, Berdimuhamedow ýurduň ösüş depginini türkmen bedewiniň bady bilen deňäp, mundan bu ýana “diňe öňe gitmäge” çagyrdy.
Dabara ýygnanan adamlar prezidentiň çykyşyny “arkadaga şöhrat!” diýen şygarlar bilen garşyladylar.
Berdimuhamedowyň atlara bolan söýgüsi köp ugurlydygyny aýtmak gerek. Bu temadan eýýäm ençeme kitaplary ýazandygy aýdylýar; Aýal-gyzlar gününe gabatlanyp, 2012-nji ýylyň 8-nji martynda geçirilen Güller sergisinde prezidentiň at üstünde oturan ak reňkli heýkeli dikildi; galyberse-de, türkmen mediasynda käte-käte Berdimuhamedowyň atçylyk toplumlaryna baryp, ol ýerde at çapýan pursatlaryny görmek bolýar.
Ýatladyp geçsek, türkmen prezideni 2013-nji ýylda geçirilen Bedew baýramynda hem atyň üstüne çykyp, ýaryşa gatnaşypdy. Emma, pellehanadan geçenden soň, aty büdräp, ol eýerden ýykyldy. YouTube saýtynda bu hadysany görkezýän wideoýazga soňra müňlerçe adam tomaşa etdi.
Bu ýylky geçirilen dabarada Berdimuhamedowyň özi atyň üstüne çykmasa-da, onuň agtygy – Kerimguly ýaş çapyksuwarlaryň arasyndaky çapyşyga gatnaşdy. 12 ýaşly Kerimguly öz atasynyň, ýagny Gurbagnuly Berdimuhamedowyň seýisländigi aýdylýan “Dowamat” aty bilen ýaryşyň ýeňijisi boldy. Kerimguly, onuň öz sözleri bilen aýtsaň, “at çapmagyň inçe tärlerini” öz atasyndan öwrenipdir.
Türkmen mediasynda orun alan maglumatlardan çen tutsaň, onda aýlawa ýygnanan adamlar, at çapyşykda Kerimgula janköýerlik edip, el çarpyp, “Kerim, Kerim...” diýip, gygyryşýarlar. Kerimgulynyň ýeňşinden soň, duşenbe güni Agşabadyň birnäçe mekdeplerinde eýýäm mekdep mugallymlary okuwçylara "Kerimgulydan görelde almalydygyny" öwüt-ündew edip başlapdyrlar.
Bedew baýramy Türkmenistanda 1992-nji ýylda esaslandyryldy we ol her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýär.