Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günäsi geçilen tussag 'azap gördüm' diýýär


Prezident Erdoganyň Aşgabada sapary mahalynda 'günäsi geçilen' Hajy Hamdi Hamit Polat türmeden çykaryn öýtmändir.
Prezident Erdoganyň Aşgabada sapary mahalynda 'günäsi geçilen' Hajy Hamdi Hamit Polat türmeden çykaryn öýtmändir.

Geçen hepde, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Aşgabada eden sapary mahalynda türkmen türmesinden boşadylan türk mugallymy Hajy Hamdi Hamit Polat tussaglykda «alty aýlap azap görendigini, ol ýerden çykaryn öýtmändigini» aýdýar.

49 ýaşyndaky Polat «Anadoly» habar gullugy bilen söhbetdeşlikde özüne garşy üç gezek jenaýat işiniň gozgalandygyny, geçirilen derňewler netijesinde iki gezek aklanyp, üçünji gezeginde, kakasy türkmen, ejesi rus bolan okuwçyny urmakda aýyplanyp, türmä basylandygyny gürrüň beripdir.

"Okuwçyny urmadym"

Polat özüniň okuwçyny urandygyny «kesgin» inkär edýär. Emma çaga, ozalky tussagyň aýtmagyna görä, görnetin ýaralanma-beýleki bolmasa-da, mugallymyň özüne zulum edendigini aýdyp, görkezme beripdir.

«Türkmenistanyň hronikasy» websaýtynyň suddan sekiz gün soň, 28-nji maýda çap eden makalasynda aýdylmagyna görä, türk mugallymyna garşy görkezme beren çaganyň ejesi prokuraturanyň işgäri bolup, ol mekdebe ýokary wezipeli ene-atasynyň maşynynda getirilip, okuwdan soň hem maşynly alnyp gaýdylýan eken. Şeýle-de şaýatlar çaganyň mekdebe ýüzi tegmilli gelendigini, onuň mekdepde urulmandygyny aýdypdyrlar.

Dört çaganyň atasy, 20-nji maýda türkmen sudy tarapyndan iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Polat 172 günläp türmede oturypdyr.

Ol tussaglygynyň ilkinji 38 gününi bir kamerada geçirendigini, ol kameranyň on metr çemesi giňlikde bolandygyny aýdýar.

Şonda ol birküç gezek aýaly, çaglary bilen duşuşyp bilendigini, emma ýüzbe-ýüz bolmandygyny, gapy arkasyndan gürleşendigini aýdýar. Emma başga türmä geçirileninden soň, onuň maşgalasy bilen duşuşmagy örän kyn bolupdyr.

Türkmenistandan alternatiw habarlary çap edýän habartm.org websaýtynyň ýazmagyna görä, Polat Türkmenistanyň gündogaryndaky Şagal posýologynda ýerleşýän türmede saklanypdyr.

"Türmede suw uly problemady"

Polat öz saklanan türmesinde suwuň uly problema bolandygyny, asmany, daşaryny görmändigini, özüne açyk howada gezelenç etmäge hem rugsat berilmändigini gürrüň beripdir.

«Suw örän ýaramazdy, kesellemezlik üçin köp derman ulandym. Derman ulanmak gadagandy, emma sag bolsun, aýalym getiripdi» diýip, Polat aýdypdyr.

Türk metbugaty türkmen türmesinden boşadylan mugallym bilen prezident Erdoganyň öz uçarynda söhbetdeş bolandygyny, premýer-ministr Ahmet Dawutoglunyň bolsa onuň bilen ýaşaýan şäheri Malatýada görüşendigini ýazýar.

Şeýle-de türk metbugatynda "Erdogan isledi, Türkmenistan mugallymy azat etdi" diýen ýaly sözbaşylar göze ilýär.

Türk mugallymynyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň günä geçmesi netijesinde, bir günde türmeden boşadylyp, türk prezidentiniň uçaryna mündürilendigi baradaky habarlar gyzgyny bilen habartm.org, gundogar.org, chrono-tm.org websaýtlarynda, türkmen dilinde bolsa Azatlyk radiosynyň websaýtynda çap edildi.

Emma bize iki prezidentiň Aşgabatdaky gepleşikleri mahalynda bolan aýratyn günä geçiş barada resmi türkmen metbugatynda berlen maglumaty tapmak başartmady.

XS
SM
MD
LG