10-njy noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçiren wideoşekilli iş maslahatynda “Altyn asyr: Türkmenistan” teleradioýaýlymynyň başlygy B.Abaýewi ýol beren kemçilikleri üçin diýip, wezipesinden boşatdy.
Bu maslahatda prezident Berdimuhamedow ýaýlyma berilýän telewizion gepleşikleriň derejesiniň pesdigine ünsi çekip, şolaryň käbiriniň häzirki döwürde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi babatda bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelmeýändigini hem belledi.
Türkmen metbugatynda wagtal-wagtla gaýtalanyp gelýän bu ýagdaý barada garaýyşlaryny almak üçin Azatlyk Radiosyndan Muhammet Tahyr türkmen telewideniýesiniň öňki işgäri aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.