Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Ýaşulular maslahatyna görülýän taýýarlyklaryň çäginde döwlet edara-kärhanalarynda işleýän käbir işgärlere, hamana “meýletin” diýlip, öz aýlyk haklaryndan döwlet gaznasyna pul geçirmek tabşyrygynyň berlendigi aýdylýar.
Maglumata görä, işgärleriň käbirlerinden 5 manat, käbirlerinden bolsa 10 manat möçberinde “meýletin” diýip, pul goşandyny goşmaklyk soralýar. Bu barada resmi taýdan hiç hili maglumat ýok, emma aýlygyndan pul kesilen adamlardan ençemesi bu ýagdaýy tassyklady.
Lebap welaýatyndaky banklaryň birinde işleýän we özüni Mährijemal diýip tanadan orta ýaşlaryndaky türkmenabatly aýal Azatlyk Radiosyna bu barada şeýle maglumat berdi: “Bize geçen aýyň aýlyklary berlen mahaly, bankyň aýlyk paýlaýan resmisi aýlyk haklarymyzdan 5 manat möçberinde “meýletin” pul geçirmegi sorady. Biz munuň sebäbi bilen gyzyklananymyzda, ol muny welaýatda geçiriljek Ýaşulular maslahatyna “meýletin” goşant diýip düşündirdi”.
Myhmançylyk çykdajylary
Lebap welaýatynda geçirilmegine garaşylýan Ýaşulular maslahaty bilen bagly welaýata barjak ýaşulularyň myhmançylyk çykdajylarynyň hem ilden toplanýandygy barada maglumatlar bar.
Lebap welaýatynyň keselhanalarynyň birinde işleýän we özüni Durdymyrat diýip tanadan beýleki bir türkmenabatlynyň aýtmagyna görä, keselhananyň lukmanlaryna welaýata barjak ýaşulularyň ýerleşjek ýaşaýyş jaýlaryny zerur şertler bilen üpjün etmek üçin, hamana “meýletin” edýäris diýip, iki otagy doly enjamlaşdyrmak tabşyrylypdyr.
“Başlangyçda keselhananyň işgärlerine Türkmenabadyň Üç punkt atly mikroraýony bilen Merkez mikroraýonynyň aralygynda gurlan täze ýaşaýyş jaýlaryndaky iki otagy krowat, ýorgan-düşek, haly, tuty, oturgyç, stol, hatda zerur bolan ownuk-uşak serişdeler bilen üpjün etmeklik tabşyryldy. Biz öz aramyzda pul ýygnap, bu otaglary doly taýýar görnüşe getirdik. Emma onuň yz ýany bilen aýlyk haklarymyz berlende, bizden ýene-de “meýletin” diýip, 5-20 manat aralygynda pul goşandyny goşmak soraldy” diýip, türkmenabatly Durdymyrat gürrüň berdi.
“50 manatdan pul ýygnadyk”
Bu maglumaty Lebap welaýatynyň döwlete degişli edaralarynyň birinde işleýän we özüni Ereş diýip tanadan 30 ýaşyndaky beýleki bir raýat hem tassyklaýar. Onuň aýtmagyna görä, öz işleýän kärhanasyndaky 50 çemesi işgärden hem Ýaşulular maslahatyna çenli iki otagy zerur bolan ähli enjamlar we serişdeler bilen üpjün edip, tabşyrmaklyk soralypdyr. Ereş bu otagy doly taýýar görnüşe getirmek üçin her işgäriň 50 manatdan pul goşandygyny aýdýar.
Bu Lebapda ilkinji gezek bolan ýagdaý däl. Adynyň agzalmazlygyny soran bir çeşmäniň bize beren maglumatyna görä, 2009-njy ýylyň mart aýynda Lebap welaýatynda geçirilen Ýaşulular maslahatynyň öň ýanynda hem “Lebapgurluşyk” kärhanasyndan takmynan 16 müň manady, hamana “wagtlaýynça”, döwlet gaznasyna geçirmeklik soralypdyr.
Emma soňra şol pul yzyna gaýtarylyp berilmändir. Bu hem kärhananyň öz işgärleriniň aýlyk haklaryny 3 ýyllap wagtynda berip bilmezlik ýaly bökdençlikleri döredipdir. Bu barada resmi çeşmelerden hiç hili maglumat alyp bolmady.
Ýaşulular maslahaty Türkmenistanyň öňki prezidenti S.A.Nyýazow tarapyndan 1990-njy ýylda döredilipdi. Ol her ýyl bir welaýatda geçirilýär. Geçen 2013-nji ýylda Ýaşulular maslahaty Daşoguz welaýatynda geçirilipdi.