Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ölen esgeriň hossarlary anyklyk isleýär


Ygtyýar Hydyrow
Ygtyýar Hydyrow

Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň «Türkmenistan» obasynda ýaşaýan Annagül Çöliýewa (1988-nji ýylda doglan) Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde goşunda gulluk eden ýüwürjisi Ygtyýar Hydyrowyň urlup öldürilendigini, onuň jesedini gaýtadan medisina barlagyndan geçirmek barada eden talaplarynyň diňlenmändigini aýdýar.

Häkimiýetler Aşgabat şäheriniň alkymynda, 67720-nji harby bölümde gulluk eden, 1992-nji ýylda doglan esger Ygtyýar Hydyrowyň alkogolly içgi içmekden, boýnundaky nerw damarlary dykylyp, ýüreginiň togtamagy netijesinde ýogalandygyny aýdypdyrlar.

Jesetdäki zorlyk yzlary

Esgeriň garyndaşlary onuň jesedinde zorluk yzlarynyň bolandygyny aýdýarlar.
Ygtyýar Hydyrow türkmen goşunynda bir ýarym ýyl gulluk edipdir. Ol bir ýyl gulluk edeninden soň Aşgabatdan Lebaba, öýlerine dynç alşa hem gelipdir. «Ýöne ol şonda gulluk edýän ýerindäki uly serkerdeleriň özünden bir million manat pul soraýandyklaryny aýtdy» diýip, Annagül gürrüň berdi.

Fotosergi: I.Hydyrowyň ölümi bilen bagly suduň çykaran karary

Esgeriň gelnejesi öz gaýyn atasynyň, Ygtyýaryň kakasynyň hem ir ýogalandygyny, onuň çagalarynyň ýaşlykdan ýetim ösendigini we, eli ýukalykdan, esgeriň soran puluny wagtynda jemläp bilmändiklerini aýdýar.

Netijede, şu ýylyň 14-nji aprelinde Ygtyýaryň jesedi Lebaba, «Türkmenistan» obasyna getirilýär (Annagül onuň 10-njy aprelde ýogalandygyny, ýöne jesedi getirilmezinden bir gün öň, etrap ýolbaşçylaryny habarly edip, onuň jaýlanjak ýerini taýýar edip goýandyklaryny, özleriniň muny soň bilendiklerini aýdýar.).

"Adalatsyz sud"

Aýdylmagyna görä, iýun aýynda Aşgabatda bu iş boýunça sud seljerişligi geçirilip, degişli harby gullukçylaryň käbirine ýyl hem kesilipdir. Ýöne Annagül bu suduň adalatly bolmandygyny öňe sürýär.

Ol Ygtyýar Hydyrowyň ýogalmazyndan bir hepde öň her gün diýen ýaly öýlerine jaň edip, öz telefonyna diýilýän puly geçirmegi sorandygyny, «men agyr ýagdaýda» diýendigini gürrüň berýär.

Garyndaşlary Ygtyýaryň ýanyna barmagy teklip edenlerinde bolsa, ol «gelmäň, onda has erbet bolar, geljek bolsaňyz, pul hem ibermäň» diýipdir. Şeýle-de Annagül oňa iberen pullarynyň baryp ýetmändigini, ýagny onuň «pul gelenok» diýendigini aýdýar.

Annagül Çöliýewa özleriniň suddan Ygtyýaryň jesedini gabryndan çykaryp, gaýtadan sud-medisina barlagyndan geçirmegi talap edendiklerini, emma bu talaplarynyň diňlenmändigini, gaýta özlerini suduň zalyndan çykaryp kowandyklaryny, hatda haýbat atanlaryň hem bolandygyny gürrüň berdi.

"Eger prezident eşitse..."

Esgeriň hossarlary onuň biwagt ölüminiň sebäbini anyklajak bolup, dürli edaralara, öz etraplaryndaky harby bölüme, häkimliklere, Goranmak ministrligine, Baş prokuratura, Harby prokuratura, ýurduň prezidentine çenli ýüz tutupdyrlar, emma kanagatlandyrýan jogap alyp bilmändirler.

Esgeriň gelnejesi Annagüliň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, eger bu bolan betbagtçylyk ýurduň prezidentine baryp ýetse, bu işiň adalatly derňelmegi mümkin. Ýagny Annagül indi öz sesiniň prezidente eşidilmeginde diňe Azatlyk Radiosyna bil baglaýar.

Biz bu mesele bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň Goranmak ministrligine hem telefon etdik, emma ol ýerden hiç bir düşündiriş almak başartmady.

XS
SM
MD
LG