Birleşen Ştatlardaky “Split This Rock” atly şahyrlar guramasy we Waşingtondaky Syýasat ylmy-barlag istitutynyň “Foreign Policy In Focus” proýekti şenbe güni Waşingtondaky daşary ýurt wekilhanalarynyň birnäçesiniň, Birmanyň, Ýemeniň we Türkmenistanyň ilçihanalarynyň öňünde, bu ýurtlardaky senzura protest bildirip, dissident goşgularyny okamakçy. Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban Split This Rock guramasynyň direktory, şahyr Sara Brauniň bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Siziň şenbe güni Birmanyň, Ýemeniň we Türkmenistanyň ilçihanalarynyň öňünde dissident goşgularyny okamak kararyna gelmegiňiziň sebäbi näme?
Sara Brauniň: Sebäbi şenbe güni dünýä boýunça şahyrlaryň parahatçylyk, adalatlylyk we ygtybarlylyk üçin çykyş edýän güni. Biz şahyrlaryň, ähli raýatlaryň özgerişlik üçin jemlenmeginiň kyn ýerlerine, şahyrlaryň hem raýatlaryň sesiniň senzura, repressiýa arkaly bogulýan ýerlerine ünsi çekmek isledik. Şahyrlar köplenç halkyň arzuw-islegleriniň, umytlarynyň we hyýallarynyň aýdymçysy bolýar. Onsoň zalym hökümdarlar we häkimiýet eýeleri olary örän howply hasaplaýarlar. Netijede şahyrlar köplenç senzura edilýär, tutulyp-basylýar ýa ondanam erbet ýagdaýa salynýar. Şu sebäpden biz dünýäde şahyrlaryň arkaýyn gürläp bilmeýän her bir döwleti üçin üç ýurduň ilçihanasynyň öňünde protest bildirmegi saýlap aldyk.
Azatlyk Radiosy: Ilçihanalarynyň öňünde protest bildiriljek üç ýurduň biriniň Türkmenistan bolmagynyň sebäbi näme? Siz Türkmenistanda şahyrlaryň arkaýyn gürläp ýa çykyş edip bilmeýänini nireden bilýärsiňiz?
Sara Brauniň: Men türkmen režiminiň adam hukuklary we söz azatlygy babatdaky ýagdaýynyň gaty ýaramazdygyny bilýän. Ýöne men bu ugurdaky gözleglerimi şindi hem dowam etdirýärin we köpräk zat tapmaga çalyşýaryn. Men häzir türkmençeden iňlisçä geçirilen goşgulary gözleýärin, emma olary tapmak kyn düşýär. Biz okamak üçin Merkezi Aziýanyň, söz azatlygynyň bogulýan beýleki ýerleriniň şahyrlarynyň terjime edilen goşgularyny gözleýäris. Men bu meseläniň üstünde häzirem işläp otyryn.
Azatlyk Radiosy. Siz bu çäre dogrudanam Türkmenistan ýaly ýurtlarda söz azatlygynyň ilerlemegine täsir ýetirer öýdýärsiňizmi?
Sara Brauniň: Men muny aýdyp biljek däl. Ýöne meniň umyt edýän zadym, biz amerikanlar hökmünde, dünýäniň köp ýerinde açyk pikirini aýdyp bilmeýän şahyrlaryň ýagdaýyna ünsi çekeris. Biziň öz hökümetimizem köplenç ýagdaýda şol şahyrlaryň, ýazyjylaryň we raýatlaryň sesini basýan režimleri goldaýar. Onsoň biz Türkmenistanyň hökümetine ýüzlenişimiz ýaly, öz hökümetimize-de ýüzlenýäris: biziň bu ganhor we repressiw režimleri goldamagy bes etmegmiz gerek, ähli ýurtlardaky adamlara söz azatlygy we azat bolmak gerek.