Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Antropolog Sergeý Polýakow türkmenleriň asly barada


Polýakow: "Türkmenler hindi-ýewropa köklerinden gelip çykan gadymy halkdyr. Olar eýranyň üstünden, Owganystandan bu ýere gelipdirler".
Polýakow: "Türkmenler hindi-ýewropa köklerinden gelip çykan gadymy halkdyr. Olar eýranyň üstünden, Owganystandan bu ýere gelipdirler".
Soňky döwürde türkmen halky öz gelip çykyş taryhyna köp üns berýär. Ýazyjy Hudaýberdi Hally şu meseleler bilen gyzyklanyp, moskwaly alym, taryh ylymlarynyň doktory, belli antropolog Sergeý Petrowiç Polýakow bilen gürrüňdeş boldy. Ol geçen asyryň ikinji ýarymynda günbatar Türkmenistanda gazuw-agtaryş işlerini geçiripdi.

H. Hally: Sergeý Petrowiç, meniň ilkinji sowalym etnografiýa degişli. Sebäbi antropologiýa bilen etnorgafiýa bileräk gelýär. Ýadyňyzda bolsa, belli arheolog, professor A. Ý. Ýakubowskiý gowy arheolog etnografdyr diýipdi. Bu siziň üçin geň bolmasa gerek?

S.P. Polýakow: Hä, ol pikir maňa geň däl.

H. Hally: Bizde halkyň gelip çykyşyny öwrenmekde iki çeşme bar. Olaryň biri türkmenleriň döreýşi baradaky rowaýatlar, beýlekisi faktlara esaslanýan antropologiýa ylmy. Ol iki çeşmäni baglanyşdyrmak mümkinmi?

S.P. Polýakow
S.P. Polýakow: Baglanyşdyrmak mümkin. Ýöne bu iki zat barada haýsysynyň ylym we haýsysynyň rowaýatdygyny takyk aýtmak gerek. Biziň ekspedisiýamyz Türkmenistana baryp işlemezden ozal türkmenler kimler diýen düşünje düýpden nädogry goýlupdy. Sebäbi öňki aýdylýan ýasy kelleliler türkmenlerdir diýilýäni ýalňyş bolup çykdy. Massonyň ekspedisiýasynyň günorta Türkmenistanda soňky on ýyldaky açyşlary ýagdaýyň düýpden başgadygyny görkezdi. Irki türkmenler guzlar bolmanadyr. Irkiler beýleki türki taýpalara-da degişli däl. Olar soňky döwürlerde türküleşipdirler. Irkiler skifleriň neslinden bolan barypýatan hindi-ýewropalylardyr. Olar iň gadymy adamzat medeniýetini döredijilerdir.

H.Hally: Şeýle-de bolsa, biziň alymlarymyz, siziň aýdýan açyşlaryňyz mälim edilenden soňra-da, rowaýat şekilli çeşmelere, meselem, “Oguznama”, “Şejereýi täräkimä” salgylanyp geldiler.

S.P. Polýakow: Abulgazynyň maksady özüniň türkmenleriň üstünden agalyk etmäge haklydygyny görkezmekdi. Sebäbi ol türkidi, türkiligi-de ündeýärdi. Şonuň üçinem Abulgazy türki konsepsiýanyň tarapdarydy. Şonuň üçin ol çynlakaý iş hasaplanmaýar.

H. Hally: Eýse, halkyň gelip çykyşyny öwrenmek meselesinde rowaýat ýa-da rowaýat şekilli aýdylanlara esaslanyp bolmazmy?

S.P. Polýakow: Bu örän ýeňil hem ýönekeý usul. Hiç zady pikir etmek gerek däl, hiç hili gözleg, açyş etmek zerur däl. Rowaýaty ýazyp aldyň. Rowaýaty metbugatda çap etdiň, sen eýýäm ýeňiji.

H. Hally: Käbir alymlar taryhy faktlaryň gutaran ýerinden, rowaýat başlanýar diýýärler.

S.P. Polýakow: Hawa. Hut şol dogry. Sizde bolsa faktlar geregindenem artyk. Aýratynam “Günorta Türkmenistan kompleksleýin arheologiki ekspedisiýasynyň” soňky işlerini alsak, ol ýerde adam jaýlanyşy barada ummasyz köp maglumat bar. Örän uly, göwrümli adam jaýlanan ýerleriň üsti açyldy. Ol medeniýet düýpden başga, ol sähraýy halkyň medeniýeti däl. Çarwalaryň medeniýeti has başga. Gynansak-da, Türkmenistan indi Türkmenbaşystan boldy. Onuň eden zatlaryny akyla sygdyrmak mümkin däl. Onuň ata-babalarynyň barysy türkmen bolanmyş. Baryp Adam atadan başlap gaýdýarmyş.

H. Hally: Indi şuňa meňzeş ýene bir sowal. Aýdaly, gündogar hem günorta Türkmenistanda ýaşaýan salyrlar özlerini Salyr Gazanyň nesli saýýarlar ýa-da Lebapda ýaşaýan ärsarylar özleriniň Ärsary babanyň neslidigini aýdýarlar. Ärsary babanyň guburyny bolsa siziň toparyňyz, ýagny günbatar Türkmenistanda iş alyp baran arheologlar, olaryň arasynda bolan taryhçy Hemra Ýusubow açypdy. Eýse, bir taýpanyň bir adamdan başlanandygyny öňe sürmek nämeden gelip çykýar?

S.P. Polýakow: Munuň özi endik, öňden gelýän usul. Ol aýdylaýýan zat. Bu hakyky taryhy bilmänsoň, adamlaryň aňynda galan taryh. Elbetde, bir taýpa bir adamdan başlanyp bilmez. Şol taýpa ýa-da şol urug entek nesilbaşy dünýä inmänkä ýaşap gelýär. Ýöne bir baştutan çyksa, beýleki taýpalar onuň daşyna jemlenýärler, ýagny urug-taýpa birleşigi bolýar. Soňy bilen ol baştutan nesilbaşy hökmünde dile düşýär. Aslynda bolsa ol ýerde tutuş toparlaryň, ilatlaryň bardygy belli.

H. Hally: Eýsem halkyň gelip çykyşyny öwrenmek meselesinde ylmy çeşmeler näme diýýär?

S.P. Polýakow: Massonyň ekspedisiýasynyň soňky işleri tükmenleriň hindi-ýewropa toparyndandygyny, ýewropeid jynsyndandygyny gowy aýan etdi. Soňy bilen diňe dillerini üýtgedipdirler. Türkmen dilinde ummasyz köp möçberde gadymy eýran sözleriniň bolmagy şondan belli bolýar. Elbetde, bu şondan gaýdan. Olar skifleriň nesilleridir. Näme üçin türkmenleriň aýratyn maddy medeniýete eýe bolandygy, dürli ruhy medeniýete eýe bolmagy mundan soň öz-özünden aýan bolýar. Türkmenlerde köp sanly hindi-ýewropa medeniýetine meňzeş zatlaryň – materiallaryň bolmagynyň sebäpleri hem şondan soň aýan bolýar. Küýzegärleik sungaty, olaryň nagyşlary hindi-ýewropa medeniýetine degişli. Olaryň bezeglerinde şol däpler dowam edýär. Eger kim oguzlaryň nesli bolmak islese, biz bu meselä gelsek, olar soňra ýüze çykan hadysadyr. Ol düýbünden başga zatdyr. Türkmenler hindi-ýewropa köklerinden gelip çykan gadymy halkdyr. Olar eýranyň üstünden, Owganystandan bu ýere gelipdirler. Bu, ine, şeýle.

H. Hally: Onda näme üçin bu ugur türkmen jemgyýetçiligi tarapyndan alnyp göterilmedi?

S.P. Polýakow: Gynansak-da, biziň uniwersitetimizde, men işden çykanymdan soň, ol ugry öwretmek hem dowam etdirmek mümkin bolmady.

H. Hally: Bu ugur siziň uniwersitetiňizde durupdyr diýeli. Ýöne ol Türkmenistanyň özünde öwrenilse bolmadymyka?

S.P. Polýakow: Türkmenleriň özleri ýalta. Bu iş bilen çynlakaý gyzyklanmak islemediler. Ýogsam bolmasa, ol ýerde örän köp täze materiallar aýan edildi. Aýratynam Günorta Türkmenistan kompleksleýin arheologiki ekspedisiýa toparynyň aýan eden kelleçanaklarynyň görnüşinden çen tutsaň, türkmenler skif halklarynyň gös-göni nesilleridir. Olar antropologiki taýdan gadymy hindi-ýewropalylar jynsyndandyr we olar Türkmenistanyň häzirki territoriýasynda ýaşapdyrlar. Şonuň bilen birlikde-de bu ýagdaýy öwrenmek beýleki birnäçe ugurlary açýar. Meselem, halkyň maddy-medeni esaslaryny öwrenip bolardy. Halkyň geýnişini, egin-eşik üçin peýdalanan materialdyr serişdelerini, umuman, köp zatlaryň sebäplerini aýan edip bolardy. Ýöne gaty gynansak-da, munuň bilen hiç kim gyzyklanmady. Türkmenler, gödegräk aýdýan bolsam bagyşlaň meni, baý nebite eýe bolansoň çaşdylar, akylyny ýitirdiler. Olar eýýäm öz taryhyny unutdylar.

H. Hally: Etnografiýanyň soňky ýyllarda ylmylyk derejesiniň pese düşmeginiň sebäplerini nämede görýärsiňiz?

S.P. Polýakow: Sizde taryhy öwrenmek işleri örän ýaramaz ýola goýlupdyr. Taryh, entografiýa, arheologiýa bilen meşgullanýan oglanlaryň daşary ýurtlara gidip görmegine hökman şert döretmek gerek. Olar Orsýete gelip, Massonyň toparynda işlänler bilen duşuşyp bilerdiler. Onda bir netije bolardy. Ýogsam bolmasa, bir kiçijik baza bilen iş ýöremez.

H. Hally: Siz günbatar Türkmenistanda iş alyp baranyňyzda, arheolog Hemra Ýusubow bilen işleşdiňizmi.

S.P. Polýakow: Işleşdim.

H. Hally: Onda Ýegen Atagarryýew bilenem işleşensiňiz?

S.P. Polýakow: Ýegen bilenem işleşdim. Olar örän oňat oglanlar, gowy arheologlar. Olar öz işlerini bilýärler.

H. Hally: Halkyň gelip çykyş taryhyny öwrenmek meselesinde, biziň alymlarymyza nähili sargydyňyz bar?

S.P. Polýakow: O-o-ow! Siziň etnograflaryňyza nämeleri aýdyp bolar?.. Siziň etnograflaryňyza owaly bilen öňki edilen işleri okap çykmak gerek. Soňra ýagdaýa göz ýetirmeli, ýogsam bolmasa, işi bilýän, düşünjeli alymlar eýýäm aradan çykdylar ýa-da bu iş bilen meşgullanmagyny bes etdiler. Umuman aýdylanda, etnografiýa başyna goýberildi. Elbetde, türkmeniň etnografiýasyny öwrenmek işleriniň ugruna seredilmezligi gynançly. Bu meselä has köpräk üns bermek gerek.

Taryhçy Polýakow Sergeý Petrowiç barada gysgaça maglumat.

Ol 1993-nji ýylda taryh ylymlarynyň doktory diýen derejäni aldy. 1995-nji ýylda bolsa professor boldy. Polýakow Sergeý Petrowiç Moskwa Döwlet Uniwersitetiniň taryh fakultetini tamamlapdy. Ol 1966-njy ýylda “Orta asyrlarda demirgazyk-günbatar Türkmenistanyň etniki taryhy” diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny gorady. Orta Aziýadaky kompleksleýin arheologiýa-etnografik ekspedisiýanyň işine gatnaşany üçin, 1973-nji ýylda Bütinsoýuz Halk Hojalygynyň gazananlarynyň sergisiniň medalyna mynasyp bolupdy. 1993-nji ýylda bolsa “Orta Aziýanyň taryhy etnografiýasy, olaryň ýaýran ýerlerini toparlara bölmek hem döwürleşdirmek meseleleri” diýen temadan doktorlyk işini gorady.

Ol Orsýet Ylymlar Akademiýasynyň Afrika institutynyň Alymlar geňeşiniň agzasy hem-de Moskwa etnologlar we antropologlar birleşiginiň prezidentidir.

Dürli ýygyndylarda hem aýry-aýry kitap görnüşinde onuň ençeme ylmy işleri çap edildi. Häzir ol çeşmeleriň üstünde işlemegiň usullary we çeşmeleri öwrenmek dersi boýunça studentlere sapak berýär.
XS
SM
MD
LG