20-nji ýanwarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşdy. Milli parlamentiň binasynda geçirilen bu duşuşyga hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Milli parlamentiň deputatlaryna ýüzlenmek bilen Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň alyp barýan işleriniň depgininiň örän pesdigini belledi. Ol deputatlaryň kanunlary kabul etmek boýunça işleri juda haýal alyp barýandyklaryny bellemek bilen, Mejlisde kabul edilýän kanunlaryň hiliniň ýokary däldigini aýtdy.
2 ýylda 66 kanun
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň iki ýylyň dowamynda bary-ýogy 66 sany kanun kabul edendigini aýdyp, käbir beýleki ýurtlaryň parlamentlerinde diňe bir möwsümde 500-e golaý kanunçylyk namalaryna garalýandygyny nazara alanyňda, bu meselede milli parlamentiň işiniň öwerlikli däldigini öňe sürdi.
Prezident ykdysady meselelere degişli kanunlary çykarmak işinde düýpli yza galynýandygyny aýdyp, bu ugurda täze kanunlaryň ýetmezçilik edýändigini, hereket edýän kanunlara zerur düzedişleriň girizilmeýändigini we olaryň kämilleşdirilmeýändigini belledi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň alyp barýan işi barada durup geçip, Berdimuhamedow olaryň birnäçesiniň deputatlyk borjuny ýadyndan çykarana meňzeýändigini nägilelik bilen aýdyp geçdi.
Türkmenistanyň täze «Raýat iş ýörediş» kodeksini ýakyn wagtda işläp taýýarlamagyň zerurdygyny mälim eden prezident bu kodeksiň kabul edilmeginiň raýat kanunçylygyny ulanmagyň tejribesini kanun esasynda kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigini, bazar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, raýat hukuk gatnaşyklarynda raýatlaryň maddy hukuklaryny goramaga hem ýardam etjekdigini beýan etdi.
Syýasy partiýalar
Çykyşynyň dowamynda Berdimuhamedow Türkmenistanyň 1996-njy ýylda goşulan «Raýatlyk we syýasy hukuklar hakyndaky» halkara ylalaşygyna laýyklykda, raýatlaryň syýasy partiýalary döretmäge bolan hukugynyň olaryň esasy hukuklarynyň biridigini aýtmak bilen, syýasy partiýalar hakyndaky Türkmenistanyň kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny aýtdy.
Mejlisiň deputatlaryna Türkmenistanyň täze ýaşaýyş jaý kodeksiniň taslamasyny gysga wagtyň içinde işläp taýýarlamagy tabşyrmak bilen Berdimuhamedow ýurduň Konstitusýasynda raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan kepillendirilen hukugyny amala aşyrmakda bellenen hukuk gatnaşyklarynyň täze derejesiniň, raýatlaryň ýaşaýyş jaýyny hususy eýeçilige satyn almagynyň kadasynyň täze görnüşleriniň bu kodeksde beýan edilmelidigini belledi.
Mundan başga-da ýurduň prezidenti «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky», «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakyndaky», «Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlaryň hukuk ýagdaýy hakyndaky» Türkmenistanyň kanunlaryna täzeden seretmegiň gerekdigini Mejlisiň deputatlary bilen duşuşygynda nygtady.
Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.