Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz prezidenti paýtagty terk etdi


Gyrgyzystanyň prezidenti Kurmanbek Bakyýew paýtagt Bişkegi terk etdi. Oppozisiýa liderleriniň aýtmagyna görä, polisiýa güýçleri azyndan 30 adamyň ölümine sebäp bolanyndan soň gyrgyz hökümeti iş başyndan çekildi.

Düýn hökümete garşy protest çäreleri başlanany bäri gözlerden ýitirim bolan Bakyýewiň ýurduň demirgazyk-günbataryndadygyny we premýer-ministr Daniýar Usenowyň iş başyndan çekilendigini Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy tassyklady.

Gyrgyz oppozisiýa lideri Temir Saryýewiň aýtmagyna göra, öňki daşary işler ministri Roza Otunbaýewa täze hökümeti gurar.

Ýurduň Saglyk ministrliginiň tassyklamagyna görä, çaknyşyklarda azyndan 30 adam ölüp, 180 adam ýaralandy. Emma oppozision aktiwisti Toktoim Umetaliýewanyň aýtmagyna görä, polisiýa güýçleri adamlara garşy ok atanyndan soň, ölenleriň sany 100-e barypdyr.

Käbir çeşmeleriň maglumatyna görä, çaknyşyklarda ýaralananlaryň sany 400-e barýar.

Goňşy Özbegistan Gyrgyzystan bilen serhedindäki howpsuzlyk çärelerini artdyrdy.

Gazak häkimiýetleri Gyrgyzystandaky ýagdaýlar has hem ýaramazlaşsa gazak-gyrgyz serhedindäki howpsuzlyk çärelerini güýçlendirjekdiklerini habar berdiler.

Gyrgyz protestçileri prezident Bakyýewiň wezipesinden çekilmegini talap edýärler.
XS
SM
MD
LG