Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şahyr Gurbannazar Ezizowyň hatyrasyna


Türkmen edebiýatynyň görnükli şahyrlaryndan Gurbannazar Ezizow 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Turkmenbaşyda ýaş ýazyjy-şahyrlaryň bütinsoýuz duşuşyklary wagtynda Gazanjyk obasynyň ýanyndaky şossede tragiki ýagdaýda (sowet esgeri tarapyndan atylyp öldürilýär) aradan çykýar.


Gurbannazar Ezizowyň ömri we döredijiligi barada Azatlyk Radiosyndan Hudaýberdi Hally we Ýowşan Annagurban söhbetdeş boldy.

Hudaýberdi Hally: 20-nji asyr türkmen edebiýatynda, Gurbannazar Ezizowyň ölmi ýaly agyr ýitgi bolmady diýsek, belki, ýalňyşmarys. Ýowşan, biz söhbetimize şol ýitgili güni ýatlamakdan başlaýaly.

Ýowşan Annagurban: Şol wagt biz mekdep okuwçysydyk. Ýöne Gurbannazar Ezizowy tanaýardyk. Ol Bahar radiostansiýasynda we beýlekilerde çykyş ederdi, Gyzlaryma diýen goşgusyny okaýşy, ony maşgalamyz bolup diňleýşimiz şu günki ýaly ýadymda. Il içinde söýülýän, tanalýan, guwanylýan şahyrdy. Belki-de, bu meniň kakamyň mugallym bolandygy üçin şeýle bolandyr, ýöne şo waka, şo ölüm şeýle bir türkmen jemgyýetini sarsdyrdy, sebäbi türkmeniň söýýän şahyry, türkmeniň soňy bilen has söýjek şahyry şonda dünýäden öten ekeni.

Bu ölümiň detallary, elbetde, şol wagt ýazylmady. Soň Annaberdi Agabaý Gurbannazar hakda ýörite kitap ýazdy. Ýöne Gurbannazar hakda soňky ýazylan zatlaryň hemmesi, belki, şol ölümiň netijesi ýa-da ýaňy boldy diýsem ýalňyş bolmazmyka diýýän. Sebäbi Gurbannazaryň ölümi, bir tarapdan, şonuň poeziýasyna düşünmäge çagyryş ýaly bir hadysa boldy. Şol Gurbannazara atylan tüpeň türkmeniň öz poeziýasyna siňe seretmek üçin atylan tüpeň ýaly bir zat boldy diňsem, ulaltma bolmasa gerek.

Hudaýberdi Hally: Umuman, adamzat tebigatyny alyp görsek, Magtymguly aýtmyşlaýyn, kim bar ölmez, ýagny ölmejek ýok. Gürrüň şu agyr meselelerden gidensoň, senden soramak isleýän zadym, eýsem Gurbannazar Ezizowyň ölümi nämedi? Arapça aýdylanda, mektup, ýazgytmydy, ýa bir betbagtçylykmy, ýa-da türkmen edebiýatynyň bagtynyň çökdügimidi?

Ýowşan Annagurban: Bu sorag gaty agyr sorag. Men muňa dogry jogap berip bilerin öýdemok, ýöne öz düşünimçe aýtjak bolaýyn. Men mektup ýa-da ýazgyt-takdyr diýilýän zada doly ynanamok. Sebäbi ýazgyt bar. Ikinji tarapdan, Hudaý adama ömür berende, oňa erk hem berýär, şol öz takdyryny özi üýtgedip bilmeli belli derejede. Belli bir derejede takdyryňam bolmagy mümkin, elbetde. Ýöne Gurbannazaryň ölümi biz üçin, türkmen halky üçin, türkmen edebiýaty üçin betbagtlygyndanam beter gaty uly ýitgi boldy. Sebäbi Gurbannazar meniň pikirmçe, meniň görşümçe türkmen edebiýatynyň köp garaşan intellektualydy.

Türkmen edebiýatynda, türkmen poeziýasynda esasanam sowet propagandasy bilen baglylykda, 30-njy ýyllar bilen baglylykda, bir boşluk döräpdi. Magtymguludan soň filosofik, çuň poeziýadan soň bir boşluk döräpdi.

Elbetde, Gurbannazar 30-njy ýyllaryň poeziýasynam gorap çykyş edipdi. Ýöne şonuň bilen bir wagtda Gurbannazar türkmen edebiýatyna başga poeziýany getirýärdi. Ol poeziýa çuň poeziýady, pikir poeziýasydy, duýgy poeziýasydy, filosofiýa poeziýasydy. Ol adamy adamyň özi hakda, adamyň ömri hakda oýlandyrýardy hem oýlanmaga mejbur edýärdi. Şonuň üçinem Gurbannazaryň ölümi, belki, bizi sarsdyrandyr. Şonuň üçinem Gurbannazaryň ölümi bizi şu güne çenli oýlandyrýandyr.

Hudaýberdi Hally: Gurbannazar az ýaşady. Jennet ýaşynda biziň aramyzdan girdi. Ol şol gysga ömründe ynsanlyk borjuny, şahyrlyk wezipesini ýerine ýetirip bildimi?

Ýowşan Annagurban: Elbetde. Gurbannazar şahyrlyk borjuny, meniň pikirimçe, aňry ýany bilen ýerine ýetirdi. Sebäbi şahyrda bir goşgy bolanda-da, oňa hakyky şahyr diýilýär. Gurbannazarda bolsa onlarça, ýüzlerçe hakyky goşgular bar. Gaýtalap-gaýtalap okap bolýan goşgular bar. Ol hiç wagt seni irizmeýär, özünden iteklemeýär. Her gezegem onda bir täze zatlar açýaň. Pikiriň çuňlugy seni şeýle bir özüne bendi edýär. Şonuň üçinem Gurbannazar şahyr hökmünde öz borjuny ödedi.

Elbetde, ol uzak ýaşan bolsa, ondanam kän baýlyk goýardy türkmen halkyna, poeziýada-edebiýatda akyl baýlygyny goýardy. Ony diňe hakyky şahyrlar berip bilýär. Ony wezipe bilen, güýç bilen, başga zat bilen berip bolýan baýlyk däl. Şonuň üçinem Gurbannazaryň goşgularyna bir göz aýlan adam onuň hakyky şahyrdygyny duýup bilermikä diýýän. Şonuň üçinem Gurbannazar barada bu gürrüňi edip oturmagam artykmaç.

Hudaýberdi Hally: Ýowşan, sen Gurbannazaryň ölüminiň türkmen edebiýatyny sarsdyrandygyny aýdýaň. Şol sarsgyndan soňky ýagdaý nähili boldy? Ol döwre-de gysgaça nazar aýlasak.

Ýowşan Annagurban:
Umuman, öňki sowet giňişliginde nähilem bolsa bir medeniýet döredi-dä. Şahyryň ölümi diýip, Lermontowyň bir goşgusy bardy. Şo goşgy bilenem Lermontow rus edebiýatyna girdi diýýärler.

Lermontowyň Şahyryň ölümi goşgusynyň Orsyýeti sarsdyryşy ýaly, Orsyýeti bir hili poeziýanyň öňünde dyza çökerişi ýaly, Gurbannazaryň ölümem bir tarapdan gaty uly ýitgi bolsa, ikinji tarapdan, türkmen jemgyýetçiligini, pikirlenýän adamlary şu poeziýanyň güýjüniň öňünde dyza çökerdi.

Beýleki bir tarapdan, şu ýerde birhili şowhunam döredi-dä. Şol şowhun bir janyňa batmaýan şowhun. Her kim Gurbannazaryň dosty boljak boldy.

Hudaýberdi Hally: Soňra…

Ýowşan Annagurban: Soňra, hawa. Her kim dosty boljak bolup göründi. Şonuň bilen öz adyny beýgeltjek boldy. Şu duýgular käwagt ýadyňa düşýär-de, özüň kiçelýäň, özüňi Gurbannazaryň noeziýasynyň öňünde bir müýnli ýaly duýýaň.

Men Gurbannazar hakda makala-da ýazdym. Ýöne Gurbannazaryň poeziýasynyň çuňluklaryny açyp bilmedim hasap edýän. Sebäbi Gurbannazaryň şol çuňluklaryny açmaga ýeterlik taýýarlyk ýok ekeni. Oňa soňy bilen düşündim.

Gurbannazar gaty kän okapdyr, gaty kän zada, belki, akyl bilen, duýgy bilen ýetipdir. Ine, soňundan aýdylýar, ykarar edilýär, dogrudanam beýik şahyrdygy ykrar edilýär. Ýöne ykrar edilende-de biz Gurbannazara ýeterlik bolmaly hormaty şu günem goýup bilemizok. Sebäbi Gurbannazaryň kitaplarynyň çap edilişi, Gurbannazaryň öwrenilişi meniň pikirimçe, entek gaty bärde.

Hudaýberdi Hally:
Şu gürrüňi, poeziýa baradaky sähbeti poeziýa bilen jemlesek gowy bolardy.

Ýowşan Annagurban:
Arada, belki, şu zatlar ýadyma düşendir. Şu goşgy aňyma geldi. Şonam men kagyza geçirdim.


Ýowşan Annagurban

Sahyr ölse...

Sahyr öldi, ölmezden ön hiç kimse
onun setirlerne bakmandy siňe.
Goşgy ýazýan gytmy, biridi bolsa,
öldi-de hemmeden saýlandy öne.

Dostlar, dosty däller gürledi josup,
görsek, görenini görýän bar eken.
Ölmezden ön hemme gyradeň, meňzeş,
son bilinýär alma eken, nar eken!..

Emma siňe baksaň, bilinmez soňam,
mazar bilen bile çöküşer şowhun.
Başga döwür, başga durmuş dogular,
başga ugur-ýola atylar owsun.

Son diýerler “öz döwrüniň ogludy”,
ýogsa öz döwründe sygmandy ýurda.
Ýöne şahyr ölse, köşeşer biraz
onuň beýikligin ýigrenen orda...
XS
SM
MD
LG