Studentleriň hereketini goldap, şäherlerde uly möçberde protest demonstrasiýalar derhal möwç aldy. Şonda protestçiler polisiýa resmileriniň wezipelerinden boşadylmagyny, reformalaryň, şol sanda kanunçylygyň ýaýbaňlanmagyny talap etdiler. Ýöne studentleriň protesti edil geçen aýdaky ýaly aşa köp howpsuzlyk güýçleriniň basyşy netijesinde basylyp ýatyryldy.
Geçen aý prezidentlige saýlawlaryň netijesinde protestleriň basylyp ýatrylmagynda näçe adamynyň ölendigi häzir anyk belli däl. Iňlis dilinde gepleşik berýän döwlet eýeçiligindäki Press TV 20 adamyň, şol sanda ýaragly Basij toparyndan 8 adamynyň ölendigini habar berdi. Ýöne başga çeşmeler ölenleriň sanynyň mundan has köpdügini öňe sürdüler.
Ensar Hizbulla topary
Käbir internet saýtlarynda graždan eşigini geýip, protestçilere hüjüm eden ýaragly toparyň agzalarynyň suratlary ýerleşdirilip, olaryň tanalyp halk köpçüligine aýan edilmegi soraldy.
Şeýle sypat we görnüş bilen adamlara hüjüm edýän toparlaryň biri hem, “Ensar Hizbulla”, ýagny Hizbullanyň kömekçileri. Şol toparyň ozalky agzasy, golaýda Germaniýa sygynan Amir Farşad Ebrahimi, protestçileri urup ýenjenleriň bir toparyny tanaýandygyny aýdýar. “Men güwa geçýärin, mysal üçin plany Ensar Hizbullanyň agzasy. Şeýle hem onuň syýahat agenturasy bar we uçar biletini satýar. Agenturanyň harjy-harajaty bar” diýip Ebrahimi aýdýar. “Ýöne ol salgyt töleginden hem boşadylan we bir öýden telefon edilip, ol biziň öz Hizbullamyz, onuň bilen işiňiz bolmasyn diýip şolar ýaly adamlara ýörite hemaýat berilýär.”
Protestlere çydam etmäli däl diýip, ýurduň ýokary derejeli dini liderleri çagyryş edenden soň, howpsuzlyk güýçleriniň ýany bilen graždan eşigini geýen ýörite gullugyň agzalary köçelerde adamlara hüjüm edip başladylar. Şeýle gysyşlaryň netijesinde geçen 10 ýylyň dowamynda iki gezek uly möçberde protestler emele geldi.
Olardan ilkinjisi 1999-njy ýyldaky studentleriň ptotesti, ikinjisi bolsa häzirki prezidentlige saýlawlaryň netijesine dörän giň möçberdäki halk herketi. Ýöne ýurtda aşa liniýanyň ýa-da reformaçylaryň ýeňiş gazanjakdygyny häzirden çaklamak aňsat däl.