Türkmenistanda soňky aýlaryň dowamynda dini ruhany Fethulla Güleniň “Hyzmat” hereketi bilen baglanşyklydygy aýdylýan uly biznesmenleriň ençemesi tussag edildi.
“Häzirki pursat, mümkinçiligiňiz bolan bolsa, Saparmyrat Nyýazowa näme diýerdiňiz?” – Azatlyk Radiosynyň öz okyjylaryna ýüzlenip beren bu soragy uly gyzyklanma döretdi.
Metbugat azatlygyna gözegçilik edýän “Serhetsiz raportýorlar” guramasy Azatlyk Radiosynyň tussag edilen habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbalyna alada bildirip, beýanat ýaýratdy.
“Wearside Amnesty International” toparynyň agzalary türkmenistanly žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewiň sag-aman maşgalasyna gowuşmagy üçin kampaniýa geçirjekdigini habar berýär.
Türkmenistanyň Owganystan bilen aradaky döwlet araçäginiň golaýyndaky Tagtabazar serhet birikmesinde harby-taktiki okuw türgenleşigi geçirildi. Oňa prezident G.Berdimuhamedow hem gözegçilik etdi.
Türkmenistan Owganystana gelen terroristleriň ýurduň hem-de regionyň howpsuzlygyny bozmagy maksat edinýändikleri baradaky garaýşy goldaýandygyny mälim etdi.
Adam hukuklaryny goraýjy toparlar türkmen häkimiýetleriniň çanak antennalary aýrymak bilen, türkmenistanlylaryň garaşsyz maglumatlary almak mümkinçiliklerini çäklendirmegi maksat edinýändigini nygtaýarlar.
Orsýet Türkmenistana ençeme ýylyň dowamynda satyn alyp gelen tebigy gazy üçin indi tölemeli puluny tölänok diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta Kawkaz boýunça öňki orunbasary aýtdy.
Türkmenistanyň prezidentiniň Gürjüstana edýän saparynyň çäginde beýleki meseleler bilen bir hatarda türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak mümkinçilikleri hem aýratyn üns merkezinde boldy.
Ukrainada türkmen gyzynyň öz janyna kast etmegi bilen ilteşikli üç adam tussag edildi. Mundan dokuz gün ozal Altynaý Seýitmedowa umumy ýaşaýyş jaýynyň aýnasyndan özüni aşak oklap, heläk bolupdy.
Harkowyň Inžener-pedagogik akademiýasynyň bäşinji kursunyň talyby Altynaý Seýitmedowanyň ýekşenbe güni umumy ýaşaýyş jaýynyň bäşinji gatynyň aýnasyndan özüni aşak oklandygy aýdylýar.
Ýewropa Bileleşigi türkmen gazyny Hazar deňziniň astyndan Ýewropa akdyrmak işine doly goldaw berer diýip, Bileleşigiň energiýa boýunça wise-prezidenti Maros Sefçowiç aýtdy.
Türkmen Konstitusiýasyna prezidentlik möhletiniň bäşden ýedi ýyla çenli uzaldylmagyny göz öňünde tutýan maddanyň girizilmegi mümkin. Bu teklip Konstitusion Komissiýanyň maslahatynda aýan edildi.
Türkmenistan we Pakistan regional energiýa taslamlarynyň, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçiriji proýektiniň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini tekrarladylar.
Ilatyň öňüne gyrmyzy donly, silkme telpekli çykan Berdimuhamedowyň döşüne “Türkmenistanyň Halk atşynasy” hormatly adyň ordeni dakyldy we eline gamçy berildi...
“Türkmenistan özüniň Owganystan bilen serhedine jeňçilerden gaçyp gelen etniki owgan türkmenlerine pena bermelimi, öz gapylaryny açmalymy?” diýen sorag okyjylaryň arasynda dürli pikirleri, jedelleri döretdi.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow energiýa resurslaryny diwersifikasiýalaşdyrmak meselesinde Ýewropa ugrunyň “elmydama-da gün tertibinde durandygyny” aýtdy.
Türkmen ymamy “Yslam döwleti” diýilýän topary tankytlap, onuň “täsirine düşenleriň ýurduň içinde hem bardygyny” we şol toparyň yslamyň adyny garalaýandygyny aýdyp, ägä bolmaga çagyrdy.
1-2-nji aprel aralygynda BMG-niň Mümkinçiligi çäkli adamlar boýunça edarasynyň garamagynda geçen çärede türkmen resmileri halkara ekspertleriň soraglaryna jogap berdi.
Ukraina türkmen gazynyň importynyň ýaňadandan başladylmagy bilen gyzyklanma bildirýär. Bu barada Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Kiýewde mälim etdi.
Ýene-de ýükle