Poşalak ady bilen giňden tanalýan Türkmenistanyň halk artisti Gurbannazar Atakgaýew aradan çykdy.
Saýlawlar teatrlaşdyrylan sahna öwrüldi. Telekanallar ir bilen saýlaw uçastoklaryndan reportažlar bermän, “Goňşyokara” baýramçylygyny görkezdiler.
Şu günler Türkmenistan nobatdaky saýlawlara taýýarlyk görýär diýsek, gaty öte geçdigimiz bolar. Bu saýlawlaryň 5-nji dekabrda geçirilýändigini köpler asla bilenogam.
Öňler prezident işe gelende bir esasy köçäni ýapýan bolsalar, indi şäheriň 4-5 köçesiniň gatnawyny kesýärler. Kelläňe gelýän sowallar bolsa jogapsyz doňup galýar.
TDH-niň başlygynyň orunbasarlygyna Annamyrat Poladowyň bellenilmegi sözüň doly manysynda görlüp-eşidilmedik waka boldy.
Soňky on bäş ýylyň içinde Türkmenistanda jelepçiligiň ösendigini biz bu gün hiç kimden ýaşyryp bilmeris. Ýurtda jelepçiligi nädip azaltmaly?
Gyrgyzystanda okap gelen dört müňden gowrak talybyň hiç biriniň Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna alynmaly däldigi hakda olar heniz bilýänem däldirler.
«Remezan» aýyna köp halklaryň arasynda «roza» diýilýär, Türkmenistanyň köp ýerlerinde «oraza» diýilýär.
Türkmenistanyň döredijilik işgärleri gaýtadan öz professional guramalaryny dikeltmäge girişmeli. Eger şu meselede biagyrlyk edilse, onda biz öz geljekki neslimiziň öňünde günäkär bolarys.
4-nji martda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň baş prokurory Ç.Hojamyradow çykyş edip, Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde agaç nahallaryny oturtmak işleriniň alnyp barlyşyna geçirilen barlaglaryň netijeleri barada ýurduň prezidentine hasabat berdi.
Dogrusyny aýtsak, ýurt özbaşdak ýaşap başlandan soň türkmenleriň syýasata goşuljak bolşy ömürboýy gulply sandykda ýaşan adamy sandykdan çykaraga-da, «bar, uruş» diýip, eline gylyç tutdurylan ýaly boldy.