Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda häkimiýetlere durmuş şertlerinden şikaýat edýän köpelýär


Aşgabadyň "Altyn asyr" bazary
Aşgabadyň "Altyn asyr" bazary

Tebigy resurslara baý ýurduň hökümeti ilatyň kynçylyklaryny agzamazdan, durmuşyň gowulanýandygyny yglan edýärkä, ýaşaýyş şertleriniň agyrlaşmagyndan şikaýat edip, häkimiýetlere ýüz tutýan raýatlar köpelýär. Agyr işsizlik şertleriniň saklanýan wagtynda işleýän raýatlar hem zordan gün görýändigini aýdýarlar.

"Býujet edaralarynda işleýänleriň zähmet haky 10% göterilmedi. Ýylyň başynda galdyrylaly bäri aýlyklar diňe 4-5% köpeldi. Hojalyk hasaplaşygyndaky edaralaryň işgärleriniň aýlyklary üýtgemedi. Iki ýyl bäri şol aýlyklar" diýip, Azatlyk bilen gürleşen lebaply býujetçi gürrüň berdi.

Türkmenistanda ýanwar aýynda aýlyklaryň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we stipendiýalaryň 10% ýokarlanandygy resmi derejede yglan edildi. Bu aralykda döwlet suw üçin tölegleri 100% artyrdy, unuň ýeňillikli bahasyny 2.5 esse galdyrdy. Ýurtda harytlaryň we hyzmtlaryň täçirçilik nyrhlary hem esli göterlidi. Munuň bilen birlikde hökümet ilatdan hojalyk töleglerini geçirmegini talap edip, gyssaýar, gyraplaşýan ilatan suw, gaz, elektrik energiýasy üçin tölegleri almak işine polisiýany çekýär.

Şu günler Lebap welaýatynda ýaşaýjylar özbaşdak we edara-kärhanalaryň işgärleri topar bolup, köpçülikleýin häkimiýet organlaryna arz bilen ýüz tutýarlar.

Welaýatyň häkimiýet edaralarynyň birinde işleýän çeşmäniň Azatlyga anonimlik şertinde gürrüň bermegine görä, kollektiwleýin arz bilen ýüz tutanlaryň arasynda "Türkmengaz" döwlet konserniniň işgärleri. Işgärler zähmet haklarynyň ýokarlanmaýandygyny we iş bilen bagly çykdajylaryň ençemesini öz hasabyna ödemeli bolýandygyny habar berip, şikaýat edipdir.

Nebit-gaz pudagy Türkmenistanyň esasy girdejisini emele getirýän pudak bolup, onuň düzümindäki edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklary beýlekilere garanda ganymat hasaplanýar.

"Türkmengazyň Lebap welaýatyndaky şahamçalarynyň edara işgärleriniň prokuratura ýazan arzasynda birnäçe ýyl bäri aýlyk-haklarynyň galmaýandygyny, edýän işine görä, aýlyklarynyň azlygyny habar berdiler. Olar gözleg-burawlaýyş tehnikanyň könelip, tiz sandan çykýandygyny, ätiýaçlyk şahlaryny işgärleriň hasabyna satyn almagyň talap edilýändigini, hatda ýörite geýimleri işgärleriň öz hasabyna satyn almaly bolýandygyny mälim etdiler" diýip, anonim gürleşen çeşme aýtdy.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň anyklamagyna görä, Tükmengazyň düzüminde işleýän ýerli edaralarynda işgärleriň ortaça aýlygy 3 500 manat çemesi bolup, aýlygyň dörtden bir bölegi tutumlara gidýär.

Azatlyk "Türkmengaz" edarasynyň wekillerinden teswir alyp bilmedi. Guramanyň işgärleriniň arzasynyň netijeleri barada Lebabyň prokuraturasyndan maglumat almak synanyşygy hem netije bermedi.

Türkmen býujetçileriniň aýlyklaryndan alynýan tutumlaryň artmagy beýleki pudaklaryň işgärlerine hem uly täsir ýetirýär.

Lebap welaýatynyň mekdep mugallymlary aýlygynyň esli bölegini mekdebiň zerurlyklaryna sarp etmeli bolýandygyny aýdýarlar. 3 000 manat aýlyk alýan mugallymlar sapaklar üçin gerek bolan zerurlyklardan başlap, prezidentiň portretleri hem-de ýylyň şygarlaryny satyn alýarlar.

Emma türkmen häkimiýetleri ýagdaýy öwrenip, halkyň problemalaryny çözmek borjuny ýerine ýetirmegiň ýerine arz edenlere basyş görkezýärler.

Ýaňy-ýakynda Mary welaýatynda birnäçe oba ýaşulusy welaýat häkimligine baryp, häkim bilen duşuşmak islediler. Olar un we çörek paýogynyň gymmatlamagynyň hojalyklary agyr güne salýandygyny, olaryň ýaşaýyş durmuşyny has-da kynlaşdyrýandygyny habar bermek islediler. Emma welaýat baştutany olary kabul etmedi, tersine häkimlikde olaryň şahsy maglumatlary ýazga alyndy we gysga wagtda arzçylar Milli Howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tarapyndan soraga çekilip, olardan arz etmekden saklanmak talap edildi.

Marynyň häkimiýet edaralaryndaky çeşmeler, häkimlige durmuş şertleriniň agyrlaşmagy bilen bagly, şol sanda unuň we çöregiň duýdansyz gymmatlamagy ýaly kynçylyklary barada habar ýetirmek üçin barýan ýaşaýjylaryň örän köpdügini aýdýarlar.

Türkmen hökümeti ýurtdaky işsizligi, azyk ýetmezçiligini, 6 ýyl bäri saklanýan un-çöregiň gytçylygyny, aç halkyň nobatlarda durşuny, dilegçilik etmegini, jenaýatyň, gedaýçylygyň köpelmegini görmezlige salýar. Abadan durmuş baradaky döwlet propagandasyna gabat gelmeýän ýagdaýlary ýaşyrmak tejribesini dowam etdirýär.

Türkmenistanda ilata gözegçilik artdy. Köçelerde polisiýa işgärleriniň sany köpeldi. Resmi derejede adatdan daşary ýagdaý we ilatyň hereketini çäklendirmek üçin hiç bir düzgün yglan edilmedik ýurtda agşamlaryna köçä çykan adamlar tutulýar, soraga çekilýär we jerimä sezewar bolýar.

Ilata gözegçiligiň güýçlendirilmegi barada häkimiýetler tarapyndan resmi düşündiriş berilmeýärkä, Azatlyk bilen anonim gürleşen polisiýa işgärleri özlerine howpsuzlygy berkitmek talabynyň gowşandygy aýtdylar, anonim şertde gürleşen häkimiýet resmileri bolsa, gözegçiligiň artdyrylmagyny soňky wagtda ilatyň arasynda nägileligiň güýçlenmegi we raýatlardan arz-şikaýatlaryň esli artmagy bilen baglanyşdyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG