Şwesiýanyň we Orsýetiň raýaty Çary Annamyradow 18-nji iýulda Belarusyň serhet gullugy tarapyndan Minskiň aeroportunda tutulypdy. Asly türkmenistanly 1957-nji ýylda doglan Annamyradowyň Belarusyň kanun goraýjy organlaryna tabşyrylandygyny habar berildi.
Çary Annamyradow Türkmenistandan daşary ýurtlara 2001-nji ýylda emigrasiýa çykdy. Şondan bäri ol Türkmenistana barmady. 2001-2002-nji ýyllarda ol Orsýetde we Belarusda ýaşady.
2002-nji ýylda oňa Şwesiýada syýasy gaçybatalga berildi we şondan bäri ol şol ýurtda ýaşady. Häzirki wagtda Çary Annamyradowyň iki ýurduň Şwesiýanyň we Orsýetiň raýatlygy bar.
Azatlyk Radiosy Annamyradowyň soňky ykbaly bilen gyzyklanyp, Annamyradowy garşy almak üçin Belarusyň paýtagtynyň aeroportuna baran Minskiň ýaşaýjysy Myrat Hanalyýew bilen söhbetdeş boldy.