Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Soňky 80 ýylyň içinde, iň uly tebigy betbagtçylyk". Gazagystanda we Russiýada suw joşguny


Gazagystanyň Atyrau oblastynyň Külsary şäheri 2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde.
Gazagystanyň Atyrau oblastynyň Külsary şäheri 2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde.

Gazagystan häzirki günlerde, soňky ýyllarda ýüze çykan iň agyr heläkçiligi başdan geçirýär. Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurtda suw joşgunynyň soňky 80 ýylyň içinde, iň uly tebigy betbagtçylyga öwrülendigini aýtdy. Ýurduň 10 sebitinde, adardan daşary ýagdaý yglan edildi.

Resmi maglumata görä, Ýaýik we Sakmar derýalarynyň öz kenarlaryndan çykmagy sebäpli, suw joşguny aprel aýynyň ortalarynda hem dowam eder.

Demirgazyk Gazagystan sebitindäki joşguna agyr baha berilýär: köp möçberdäki suw Petropawlowsk şäherine tarap süýşýär. Sebitde eýýäm 219 ilatly ýeri suw basdy. Käbir obalarda bolsa buz süýşmegi elektrik geçirijilerini döwdi. Şol wagtyň özünde, Sergeýew suw howdany 170 % dolupdyr.

Adamlar iň gymmatly zatlaryny alyp, dogan-garyndaşlarynyň ýanyna ýa-da göçürijiler bazasyna, ýagny ýerli myhmanhanalara gidýärdiler.

Gazaklaryň Žabaý diýip atlandyrýan Ural derýasynyň suwunyň derejesi ýokarlanmagyny dowam etdirýärkä, halas edijiler ýerli ýaşaýjylaryň öýlerini goramak boýunça çäreleri geçirýärler.

Joşgun sebäpli Gazagystanyň 60-dan gowrak obasynyň eýýäm daşarky dünýäden kesilendigi habar berilýär. Tebigy betbagtçylyk zonalaryndan bolsa 100 müňe golaý adam, şol sanda garrylar, aýallar we çagalar göçürildi. Gazagystanyň 17 sebitinden 10 sanysynda, joşgun bilen bagly ýerli gyssagly adatdan daşary ýagdaý dowam edýär.

Joşgun sebäpli Gazagystanyň goňşusy Russiýa Federasiýasynyň Orenburg, Kurgan, Samara, Saratow, Ulýanowsk oblastlarynda, şeýle hem Başkortostanda, Mordowiýada we Tatarstanda, köp ýaşaýyş jaýlaryna, ýollara we beýleki infrastruktura desgalaryna agyr zyýan ýetdi.

Tebigy betbagtçylykdan iň kyn ýagdaý Orenburg sebitinde hasaba alyndy. Bu oblastda federal şertde, adatdan daşary ýagdaý girizildi.

Orenburg suwuň aşagynda galýar

11-nji aprelde irden Orenburgyň golaýynda, Ural derýasynda suwuň derejesi 10,6 metre ýetdi. Bu bolsa howply diýilýän çäkden 1,3 metr ýokarydyr.

Häzirki wagtda Orenburg oblastynyň Orsk şäheriniň köçeleri kanallary we derýalary ýada salýar.
Häzirki wagtda Orenburg oblastynyň Orsk şäheriniň köçeleri kanallary we derýalary ýada salýar.

5-nji aprelde Orskda howdanyň böwsülmegi ýagdaýy has-da kynlaşdyrdy. Soňky üç günüň dowamynda ýene-de bent ýaryldy.

Orenburgda suw joşguny sebäpli azyndan 5 adam ýogaldy. Häzir bu sebitde 12 müňe golaý ýaşaýyş jaýlary, 15 müňe golaý goşmaça öý-hojalyk desgalaryny we gonamçylygy suw aldy.

Orskda bendiň ýarylmagyndan birnäçe gün geçensoň, ýerli ýaşaýjylar suw joşguny zerarly çekilen zyýanyň öweziniň tölenmegini talap edip, administrasiýa binasynyň öňünde ýygnanyşyk geçirdiler. Olar ýerli häkimiýetleriň heläkçiligiň boljagyny öz wagtynda yglan etmedigi üçin, nägilelik bildirdiler.

Orenburg oblastynyň prokuraturasy Orsk şäheriniň ýaşaýjylaryna mitingleriň bikanunlygy barada duýduryş berdi. Polisiýa ilki protestçileri dargatjak bolup synanyşdy, emma halk administrasiýa binasynyň alnyndaky ýygnanyşygy dowam etdirip, ýitirilen emlägiň töleginiň artdyrylmagyny we bendiň ýykylmagyna jogapkär adamlaryň jezalandyrylmagyny talap etdiler.

Orenburg aeroportynyň golaýynda suw astynda galan jaýlar
Orenburg aeroportynyň golaýynda suw astynda galan jaýlar

Protestçileriň pikirine görä, eger häkimiýetler tebigy betbagtçylygyň derejesi barada, öň duýduryş beren bolsalar, heläkçiligiň beýle uly möçberde bolmajagyny aýdýarlar.

Orskda bendiň ýykylmagy netijesinde, köne şäheriň çäklerinde, müňlerçe jaýy suw basdy. Ýagdaýyň şeýle bolup biljekdigini häkimiýetler bary-ýogy birnäçe sagat öňünden, ýaşaýjylara duýduryp, olaryň meýletin göçmegini maslahat beripdir.

Orsk şäheri 2024-nji ýylyň 8-nji aprelinde
Orsk şäheri 2024-nji ýylyň 8-nji aprelinde

Orsýetiň beýleki sebitlerinden, Orenburg oblastyna 700 tonnadan gowrak ynsanperwer kömeginiň gowşurylandygy habar berilýär. Heläkçilige uçran ýerleriň ýaşaýjylary suw, iýmit we arassaçylyk serişdeleri üçin nobatlarda durýarlar, iýmit pasport bilen berilýär.

Orenburg oblasty Gazagystan bilen serhetleşýär. Şonuň bilen bagly, serhet ýakasyndaky Gazagystanyň häkimiýetleri özlerine tarap, has köp suwuň gelmegine garaşýandyklaryny duýdurýarlar.

«Eýsem bu täze Gazagystanmy?»

Tebigy betbagtçylyk sebäpli Gazagystanyň birnäçe sebitlerinde, adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Ýurduň häkimiýetleri bahar suw joşmasynyň iň ýokary derejesiniň heniz geçmändigini aýdýarlar. Olar uly möçberli suw joşgunyna tebigy faktory günäkärleýärler.

Külsary şäheri 2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde
Külsary şäheri 2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde

Suw basan obalaryň ilaty "Indi näme etmeli?" diýen soragyň üstünden kelle döwýärkäler, hökümet "Kim günäkär?" diýen soraga jogap berjek bolýar.

Joşgun bilen bagly öňüni alyş çärelerini görmedik gazak resmileriniň sanawy eýýäm kesgitlenildi. Emma Gazagystanyň Ekologiýa we tebigy serişdeler ministri kimiň jogapkärçilige çekilmelidigine ünsi çekdi.

«15-nji martdan bäri "Казгидромет" ýerli we merkezi döwlet edaralaryna 100-den gowrak duýduryş berdi. Emma häkimiýetler bu öňünden aýdylanlara ýeterlik ähmiýet bermediler. Netijede, geljekki joşgunyň howpludygyny

realistik seljermäge we wagtynda öňüni alyş çärelerini görmäge mümkinçilik döredilmedi» diýip, Gazagystanyň Ekologiýa we tebigy serişdeler ministri Ýerlan Nysanbaýew aýdýar.

Öňler suw joşmasy esasan Gazagystanyň günbatar we merkezi etraplarynda ýüze çykýan bolsa, indi ergin suwlar ýurduň demirgazyk sebitlerine baryp ýetipdir. Hünärmenler tebigy faktoryň artandygyny belläp, Gazagystanyň territoriýasynyň 75 % böleginde, tebigy betbagtçylyklaryň döremek howpunyň ýokarydygyny belleýärler. Emma muňa garamazdan, olar ergin suwlaryň joşmagynyň öňüni almak ugrunda, ýeterlik ýer üsti işleriniň alnyp barylmaýandygyny nygtaýarlar.

Şeýlelikde, hünärmenler derýa hanalaryny we onuň kenarlaryny ot-çöpleriň örtendigine we gyrmança basandygyna ýeterlik ähmiýet berilmeýändigine ünsi çekýärler. Suw howdanlarynyň bentlerini berkitmek işerine, gazylan zeýkeşler ulgamynyň akymyna ýeterlik seredilmegine we garyň öz wagtynda aýrylmagy üçin aladanyň ýoklugy ýa-da ýeterlik dälligi ýaly meseleleri ýatladýarlar.

Aktöbe etrabynyň Uil etrabyndaky suw astynda galan oba. 2024-nji ýylyň 29-njy marty.
Aktöbe etrabynyň Uil etrabyndaky suw astynda galan oba. 2024-nji ýylyň 29-njy marty.

Syýasatçy Sanžar Bokaýew özüniň Instagram sahypasynda, sowet döwründe, ereýän suwlara kontrollygyň mysallaryny getirmek bilen “ereýän suwlary howdanlarda saklamagyň zerurlygyny hem ony tomus aýlary suwaryş üçin peýdalanmagyň ýollaryny bilmek gerek" diýip, sözüne goşdy. Ol ýylyň-ýylyna ýurtda suw joşgunynyň bolýandygyny, emma häkimiýetleriň onuň öňüni almak barada iş geçirmän, diňe ýeten heläkçiligi dikeltmek ugrunda göreşýändiklerini belledi. Tebigy heläkçiligiň öňüni akmak üçin, býujetden milliardlarça serişde bölünip berilýär, ýöne ol serişde gözegçiliksiz harçlanýar diýip, Sanžar Bokaýew resmileri tankytlaýar.

Gazagystanyň prezidenti hem ýakynda bolan tebigy betbagtçylygyň derejesiniň öňki ýagdaýlardan beterdigini boýun aldy. Döwlet baştutany ýazky joşgunyň möçberiniň ýokary bolmagyny garyň üznüksiz eremegi bilen baglydygyny belledi.

Şol wagtyň özünde, suw joşmagy sebäpli jaýlaryny ýitiren müňlerçe ilat özleriniň başdan geçiren heläkçiliginiň haçan soňlanjakdygy barada, ýerli häkimiýetlerden jogaba garaşýarlar. Bu jogap näçe uzaga çekdirilse, şonça-da sabyrsyz gazagystanlylaryň arasynda, häkimiýetlere bolan närazylyk artýar. Şeýle närazylaryň biri suw joşguny zerarly zyýan çeken Külsary şäheriniň ýaşaýjysy Muhit Izturganowdyr.

«Eýsem bu täze Gazagystanmy? Akimatlar diňe dronlary uçurýarlar we surata düşürýärler, olar başga hiç zada taýyn däl» diýip, ol ýerli häkimiýetleriň suw joşgunynyň öňüni almak üçin taýýar däldigini ýazgarýar.

Gazagystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň maglumatyna görä, 10-njy aprele çenli ýurtda bolan suw joşguny sebäpli, bosgun bolanlaryň sany 97 müňden geçipdir. Tebigy betbagtçylygyň netijelerini aradan aýrylmak işlerine 24 müňden gowrak adam gatnaşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG