Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ramştaýn formaty Ukrainany goldamak boýunça indiki ädimleri maslahat edýär


ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Austin (çepde) we Ukrainanyň goranmak ministri Rustem Umerow (arhiw suraty)
ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Austin (çepde) we Ukrainanyň goranmak ministri Rustem Umerow (arhiw suraty)

26-njy aprelde, Ramştaýn formaty diýlip hem bilinýän, Ukrainanyň Goranmak Habar Toparynyň onlaýn maslahaty geçirilip, onuň dowamynda ukrain güýçleri üçin zerur bolan harby hemaýatyň has tiz gowşurylmagy boýunça ýollar maslahat ediler. Bu barada prezident Wolodymyr Zelenski mälim etdi.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky Ramştaýn formatynyň düzümine Ukrainanyň 50-ä golaý ýarany girýär. Oňa Kiýewe zerur bolan harby we beýleki hemaýaty bermek üçin onlarça milliard dollar goýberildi.

“Biz Amerikanyň goldawy baradaky netijä garaşýan döwrümiz, soňky ýarym ýylyň içinde ýygnanan kynçylyklary we meseleleri tiz wagtda çözmegiň ýollaryny maslahat ederis” diýip, Zelenski X, ozalky Twitter ulgamynda ýazgy galdyrdy.

XS
SM
MD
LG