Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka Belarusda Russiýanyň onlarça ýadro ýaragynyň ýerleşdirilendigini aýdýar


Aleksandr Lukaşenka 25-nji aprelde Minskde geçirilen Ähli belarus halk maslahatynyň dowamynda çykyş edýär.
Aleksandr Lukaşenka 25-nji aprelde Minskde geçirilen Ähli belarus halk maslahatynyň dowamynda çykyş edýär.

Diýdimzor dolandyryjy Aleksandr Lukaşenka Belarusda “Russiýanyň onlarça ýadro ýaragynyň” ýerleşdirilendigini aýtdy. Bu Günbatarda Moskwanyň Ukrainadaky alyp barýan urşunyň geriminiň artmagynyň mümkindigi baradaky howatyrlary artdyrdy.

Lukaşenka 25-nji aprelde Minskde geçirilen Ähli belarus halk maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda, ýurtda täze harby doktrinanyň kabul edilendigini we onuň çäginde Belarusda Russiýanyň ýadro ýaraglaryny ýerleşdirilmegiň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Belarus Moskwanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy başladan doly gerimli urşundan bäri, Russiýa logistiki hemaýaty berip gelýär. Şondan soň, Russiýa özüniň taktiki ýadro ýaraglaryny Belarusda ýerleşdirdi.

NATO bu ädimi “howply we jogapkärsiz” diýip atlandyrdy.

Lukaşenka 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soň, Belarusdan ähli ýadro ýaraglaryň aýrylmagyny “ýalňyşlyk” diýip atlandyrdy we Russiýanyň taktiki ýadro ýaraglarynyň Belarusda “bolmalydygyny” nygtady.

Şol bir wagtda, ol “näme bolsa-da”, Belarusyň garaşsyzlygynyň saklanyp galmalydygyny sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG