Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kameron Bişkek saparynda Britaniýanyň we Gyrgyzystanyň umumy bähbitlerini nygtaýar


Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kameron
Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kameron

Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kameron özüniň ministr hökmünde Gyrgyzystana amala aşyran ilkinji saparynyň dowamynda Britaniýa bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky umumy bähbitleri nygtamak isleýändigini aýtdy.

Kameron 22-nji aprelde Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda iki ýurduň arasynda, hususan-da, howanyň üýtgemegi, söwda, bilim we howpsuzlyk ýaly ugurlarda “bir topar” umumy bähbitleriň bardygyny aýtdy.

11 ýyl ozal Gyrgyzystana sapar eden ilkinji britan lideri, öňki premýer ministr özüniň prezident Sadyr Žaparow bilen geçiren duşuşyklarynda sagdyn we işleýän demokratiýalaryň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşandyklaryny hem aýtdy.

Kameron dünýäde bäsdeşligiň ösýändigini we “iri döwletleriň” hyzmatdaş tapmak ugrunda tagalla edýändigini belledi.

Ol özüniň Gyrgyzystana ýüzlenmesinde, hiç bir ýurduň adyny aýratynlykda agzamazdan, bu ýurduň bir hyzmatdaşa derek beýleki bir hyzmatdaşy saýlamaga, ýa-da özüniň öň bar bolan hyzmatdaşlaryny ret etmäge mejbur däldigini aýtdy.

“Biz özümiziň siziň bilen bilelikde üstünlik gazanyp boljak umumy bähbitler ugrunda işleşmäge isleg bildirýän täze hyzmatdaş bolandygymyzy beýan edýäris” diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG