Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hamasyň wekili, iki döwlet çözgüdi durmuşa geçirilse, ýaragy taşlarys diýýär


Halyl al-Haýýa
Halyl al-Haýýa

ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terrorçy topar diýlip kesgitlenen Hamasyň ýokary derejeli syýasy işgäri AP habar gullugyna, eger-de 1967-nji ýyldan öňki serhetlerde garaşsyz Palestina döwleti gurulsa, öz toparynyň Ysraýyl bilen bäş ýyl ýa-da ondanam köp möhlet bilen ýaraşyk baglaşmaga razydygyny, egindeşleriniň ýaraglaryny taşlap, syýasy partiýa öwrüljekdigini aýtdy.

Halyl al-Haýýanyň 24-nji aprelde aýdan sözleri birnäçe aý bäri dowam eden gepleşikleriň petige dirän wagtyna gabat geldi.

Hamasyň ýaragsyzlanmagy baradaky teklip resmi taýdan Ysraýylyň ýok edilmegine ygrarly bolan söweşiji topar tarapyndan edilen möhüm eglişik bolup görünýär.

XS
SM
MD
LG