Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Suw joşgunlary bilen baglylykda goşmaça halas ediş toparlary iberildi


Russiýanyň Týumen sebitinde ýerli ýaşaýjylar we meýletinçiler Işim derýasynyň suwunyň kenarlaryny böwüsmegine garşy çäge haltalar bilen taýýarlyk görýär.
Russiýanyň Týumen sebitinde ýerli ýaşaýjylar we meýletinçiler Işim derýasynyň suwunyň kenarlaryny böwüsmegine garşy çäge haltalar bilen taýýarlyk görýär.

Gazak hökümeti ýurduň demirgazyk we günbatar sebitlerine zarba uran suw joşgunlaryna garşy çäre görmek üçin günbatar Gazagystana goşmaça halas ediş toparlaryny iberdi. Serhediň aňyrsynda, günorta Russiýada bolsa, häkimiýetler Işim derýasynyň suwunyň agmagyna garşy taýýarlyk görýär.

Gazak hökümeti 22-nji aprelde beren beýanatynda 600 harby işgäriň hem-de Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň hünärmenleriniň sebite iberilendigini aýtdy. Bu sebitiň merkezi Oral şäherinde Ýaýik derýasynyň suwy, bir gün ozal, “howply” hasaplanýan çäkden hem ýokary göterilip, 8,5 metre ýetdi.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň metbugat sekretary Askar Şarip 22-nji aprelde 9 müň çemesi adamyň, şol sanda 3 müň 853 çaganyň wagtlaýyn penahanalarda galýandygyny aýtdy.

Sebitde bolan suw joşmalary onlarça müň adamy pena gözlemäge we arassa agyz suw üpjünçiligini gözlemäge iterdi.

Tebigaty goramak boýunça Jemgyýetçilik gözegçiligi gaznasy 22-nji aprelde Russiýanyň Gazagystan bilen serhetleşýän Kurgan sebitinde suw joşmalarynyň işlemeýän “Dobrowolnaýa” uran meýdançasyndaky uran zibillerini Tobol derýasyna iterendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG