Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň daşary işler ministri Aşgabada bardy


Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kameron 22-nji aprelde Täjigistana we Gyrgyzystana, 23-nji aprelde Özbegistana sapar etdi.
Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kameron 22-nji aprelde Täjigistana we Gyrgyzystana, 23-nji aprelde Özbegistana sapar etdi.

Sişenbe güni, 23-nji aprelde, Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kameron Aşgabada geldi diýip,“Orient” neşiri habar berýär.

Bu taryhy sapar Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrar diýip, türkmen mediasy ýazýar.

Britan ministri Merkezi Aziýa we Mongoliýa amala aşyrýan aýgytly saparynyň çäklerinde, biraz öň, Täjigistana, Gyrgyzystana we Özbegistana sapar etdi.

Kameronyň Aşgabada amala aşyrýan saparynyň öň ýany, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlonyň gatnaşmagynda Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

XS
SM
MD
LG