Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Ukraina ýardam bukjasyna gol çeker


ABŞ prezidenti Jo Baýden we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski
ABŞ prezidenti Jo Baýden we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski

ABŞ prezidenti Jo Baýden uzaga çeken harby ýardam bukjasy boýunça kanuna gol çekjekdigini aýdýar. Bu kanun taslamasy 23-nji aprelde Senat tarapyndan makullandy. Prezidentiň tassyklamagy bilen, ABŞ-nyň harby ýardamlarynyň Ukraina iberilip başlanmagynyň öňi açylýar.

“Men bu kanun ertir meniň stoluma gelip gowşan badyna oňa gol çekerin we amerikan halkyna ýüzlenme bilen çykyş ederin, şeýlelikde biz Ukraina şu hepde ýaraglary we enjamlary ibermäge başlap bileris” diýip, Baýdeniň beýanatynda aýdylýar.

Wekiller palatasy birnäçe aýlap dowam eden çekişmelerden soňra bu kanun taslamasyny 20-nji aprelde kabul etdi. Munuň yz ýany, ABŞ senaty kanun namasyny aňsatlyk bilen makullady.

Senat Ukrainanyň söweşýän harbylaryna örän zerur bolan ýardamlary öz içine alýan kanun taslamasynyň peýdasyna 79-a 18 ses berdi.

Baýden mundan ozal kanun taslamasyna gol goýjakdygyny aýdyp gelýärdi.

“Bu agşam, Senatdaky ikipartiýaly köplük öwrüm pursatynda taryhyň talabyna jogap bermek üçin, Wekiller öýüne goşuldy” diýip, Baýdeniň beýanatynda aýdylýar.

Kanun taslamasynyň biri Ukraina 61 milliard dollar möçberinde, ikinjisi Ysraýyla 26 milliard dollar möçberinde we üçünjisi Hindi-Ýuwaş umman sebitinde “kommunist Hytaýa garşy durmak” maksady bilen, 8,12 milliard dollar möçberinde maliýe serişdelerini göz öňünde tutýar.

Dördünji kanun taslamasy TikTok sosial media goşundysynyň gadagan edilmek mümkinçiligini, ele salnan rus aktiwleriniň Ukraina geçirilmegini we Eýrana garşy täze sanksiýalary öz içine alýar.

XS
SM
MD
LG