Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden kollejlerde Gaza protestçileri bilen polisiýanyň arasyndaky çaknyşyklar barada dymyşlygy saklaýar


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ýurtdaky student protestleri we polisiýanyň olary dargadyşy boýunça dymyşlygyny saklaýar. Bu aralykda, Respublikanlar Gazadaky uruş sebäpli kampusdaky bidüzgünçilikleri Demokratlara garşy kampaniýa öwürmek ugrunda synanyşyk edýärler.

Kollejklerdäki we uniwersitetlerdäki dartgynlylyklar eýýäm ençeme gün bäri ýitileşýär. Demonstrantlar esaslandyran lagerlerini aýyrmakdan ýüz öwürýärler, administratorlar hem bulary güýç bilen arassalamak üçin kanun goraýjylara ýüz tutdular. Munuň netijesinde dörän çaknyşyklar medianyň we syýasatçylaryň ünsüni çekdi.

Baýdeniň munuň bilen bagly soňky bellikleri tas bir hepde ozal edilipdi. Ol şonda “antisemitik protestlerini” we “palestinalylar bilen bolýan zatlara düşünmeýänleri” ýazgarypdy.

XS
SM
MD
LG