Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda 'prezidentiň abraýyna kölege salýandygy' aýdylyp, dilegçilere we zibil dörýänlere garşy reýd geçirildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri Hazar deňziniň kenaryndaky şäherçelerde dilegçilere we zir-zibil dörýän raýatlara garşy giň gerimli reýdleri geçirdiler. Reýdleriň dowamynda onlarça raýat, şol sanda çaga we maýyp saklanyp, polisiýa bölümlerine alnyp gidildi. Häkimiýet wekilleri reýdleriň sebäbini “dilegçileriň we zir-zibil dörýänleriň prezidentiň abraýyna kölege salýandygy” bilen düşündirýärler.​

Reýdler 10-njy iýulda irden Türkmenbaşy etrabynda, hususan-da Guwlymaýak we Gyýanly şäherçelerinde geçirilip başlandy.

Esasan uly söwda dükanlarynyň, dermanhanalaryň, “Türkmenbaşy” we Çarlak” myhmanhanalarynyň we “Kenar” bazarynyň öňlerinde hem-de töwereklerinde geçirilen reýdleriň her biri ýörite reýd topary tarapyndan amala aşyryldy.

Her reýd toparynda dört polisiýa işgäri we Milli howpsuzlyk ministrliginiň bir ofiseri bolup, olar döwlete degişli kiçi awtobuslarda aýlandylar.

“Polisiýa we MHM işgärleri öňlerine çykan dilegçileri maýyp ýa çaga diýmän, gödeklik bilen süýräp, gulluk awtobuslaryna mündürip, alyp gitdiler” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Reýdleriň dowamynda zibil çeleklerini dörýän raýatlar, şol sanda çagalar we aýallar hem saklanyp, polisiýa bölümlerine alnyp gidildi. Azatlyga olaryň soňky ykbalyny anyklamak häzirlikçe başartmady.

Ýerli häkimiýetler reýdler we olaryň sebäpleri barada aç-açan maglumat bermeýärler. Bu barada Azatlygyň Türkmenbaşynyň polisiýa bölüminden we MHM-niň Balkandaky edarasyndan kommentariýa almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Ýöne Türkmenbaşynyň häkimligindäki çeşmämiziň tassyklamagyna görä, reýdleriň geçirilmeginiň sebäbi “olaryň prezidentiň abraýyna kölege salýandygy” bilen baglanyşykly.

“Şu günlerde deňziň kenarynda dynç almaga gelen raýatlar köp. Olaryň arasynda daşary ýurtlular hem bar. Emeldarlar dilegçileriň we zir-zibil dörýänleriň prezidentiň abraýyna ýaramaz täsir ýetiýändigini aýdýarlar we olary dynç almaga baran adamlardan gizlemäge çalyşýarlar. Bu barada ýokardan ýörite tabşyryk gelip gowuşdy” diýip, çeşmämiz belledi.

Galyberse-de, emeldarlar dilegçileriň günde 2 müň manat çemesi gazanç edýändigini aýdyp, olaryň ýurduň ykdysadyýetine hem ýaramaz täsir ýetirýändigini öňe sürýärler.

“Ýolbaşçylar olaryň köne eşikleri geýip, raýatlaryň pullaryny alýandygyny aýdýarlar, ýöne asyl hakykaty boýun almaýarlar. Häzir kenarýaka şäherçelerde dilegçilik edýänleriň köpüsi işsiz raýatlar, ýa ene-atasy işsiz bolan çagalar, ýa-da maýyp adamlar. Resmiler olaryň bu işlere baş goşmagyna nämäniň sebäp bolýandygyny maslahat etmeýärler” diýip, çeşmämiz belledi.

Dilegçileriň birnäçesi özleriniň bu işe baş goşmagynyň sebäplerini işsizlik we döwlet tarapyndan berilýän maýyplyk kömek pulunyň ýaşaýyş-durmuş üçin ýetmezligi bilen düşündirýär.

“Men aýagymyň işlemeýändigi sebäpli birinji topar maýyp adam. Şu sebäpli zähmet çekip bilmeýärin. Aýda 600 manat çemesi maýyplyk pensiýam bar. Ýöne aýda satyn almaly dermanlarymyň bahasy 3 müň manada ýetýär. Ýaşamak üçin dilegçilik etmäge mejbur bolýaryn” diýip, Türkmenbaşynyň bazarlarynyň birinde dilegçilik edýän balkanly ýaşaýjy aýtdy.

Alty ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady krizis we iş orunlarynyň kemeldilmegi netijesinde artan işsizlik ýurtda el serýänleriň, zibil dörýänleriň, ten söwdasy bilen meşgullanmaga mejbur bolýanlaryň, ogurlyk we talaňçylyk hadysalarynyň, şeýle-de öýsüz raýatlaryň köpelmegine getirdi.

Türkmen hökümeti ykdysady kynçylyklary we ilat arasynda barha köp göze ilýän garyplygy ykrar etmeýär. Häkimiýetler ýurtdaky işsizleriň we döwletiň maddy kömegine mätäç maşgalalaryň anyk sanyny hem äşgär etmeýärler.

Muňa derek, häkimiýetler adamlaryň dilegçilik etmeginiň, sadaka soramagynyň we zibilleri dörmeginiň öňüni almak boýunça alyp barýan işlerini wagtal-wagtal güýçlendirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG