Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Russiýanyň ýarag önümçiligini nyşana alýan täze sanksiýalary girizdi


ABŞ-nyň Maliýe departamenti
ABŞ-nyň Maliýe departamenti

1-nji maýda ABŞ-nyň Maliýe departamenti Russiýanyň ýarag önümçiligi bilen ilteşikli ýüzlerçe kompaniýa we şahsyýete garşy sanksiýalaryň täze tapgyryny girizdi. Bu “Russiýanyň Ukrainadaky bikanun urşuny dowam etdirip bilmegi üçin” gerekli enjamlary we serişdeleri edinmeginiň öňüni almak boýunça dowam etdirilýän tagallalarynyň bir bölegidir.

Maliýe departamenti 200 töweregi we Döwlet departamenti 80 gurama we şahsyýete garşy gadagançylyklary girizdi.

Bular Russiýanyň harby senagat ulgamyny, himiki ýarag programmalaryny we üçünji ýurtlarda Russiýa ýarag serişdelerini edinmäge hemaýat berýän adamlary we firmalary çäklendirmegi maksat edinýär.

Şeýle-de gadagançylyklara Russiýa ozalky girizilen sanksiýalardan sowa ýollar arkaly gaçmaga hemaýat berýän 10-dan hem aşa hytaýly kompaniýa düşdi.

Täze gadagançylyklarda rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň ölümi bilen ilteşikli şahslar hem bar.

XS
SM
MD
LG