Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Wekiller öýi Ukraina, Ysraýyl kömegine ses berer


Maýk Jonson
Maýk Jonson

ABŞ-nyň Wekiller öýüniň agzalary şu hepdäniň aýagynda Ukraina, Ysraýyl we Hindi-Ýuwaş ummany üçin köpden bäri garaşylýan ses berişlige gatnaşar diýip, respublikan spiker Maýk Jonson aýtdy.

Ol, Wekiller öýündäki sag ganatyň görkezýän gazaply garşylygyna garamazdan, mümkin bolan geçiş ýolunyň açyljakdygyny aýtdy.

Wekiller öýüniň pul goýumlary komiteti 95 milliard dollardan gowrak howpsuzlyk kömegini berýän kanunlary yglan etdi.

Bu kanunlar Ukrainadaky konflikti çözmäge gönükdirilýän 60,84 milliard dollar hem öz içine alýar. Ukraina beriljek serişdäniň 23,2 milliard dollary ABŞ ýaraglarynyň, ätiýaçlyklarynyň üstüni dolmak üçin ulanylar.

Ysraýyl kanun taslamasynyň umumy bahasy 26,38 milliard dollar bolup, onuň bir bölegi ABŞ-nyň soňky hüjümlere garşy geçiren harby operasiýalarynyň çykdajylaryny ýapmaga gönükdiriler.

XS
SM
MD
LG