Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ generaly Kongrese Ukrainanyň ýekelikde urşup bilmejekdigini aýdýar


General Kristofer Kawoli
General Kristofer Kawoli

ABŞ-nyň Ýewropadaky ýokary derejeli generaly, Wekiller öýündäki respublikanlaryň esasy çykdajylar baradaky kanun taslamasynyň öňüni almagy bilen, Ukrainanyň ýekelikde Russiýa garşy durmagyny dowam etdirip bilmejekdigini duýdurdy.

Wekiller öýündäki respublikanlar ozaly içerki meseleleriň çözülmelidigini aýdýarlar.

Ýewropa serkerdeliginiň serkerdesi, general Kristofer Kawoli 10-njy aprelde Wekiller öýüniň Ýaragly gulluklar komitetine beren interwýusynda, söweş meýdanyndaky goşunlaryň ok-däri ýetmezçiligi we ýurduň howa goranyş mümkinçilikleri sebäpli, Ukrainadaky ýagdaýyň agyrlygyna "kembaha garamak bolmaz" diýdi.

“Ukraina bu söweşde ýekelikde daýanyp bilmez” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“Birleşen Ştatlar, biziň ýaranlarymyz we hyzmatdaşlarymyz Ukrainany ok-däri, ýarag we material bilen üpjün etmegini dowam etdirmeli" diýip, Kawoli aýtdy.

XS
SM
MD
LG