Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi


GDA-nyň nyşany
GDA-nyň nyşany

11-nji oktýabrada Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň sammiti geçirildi.

Sammite Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew, Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Sooranbaý Jeenbekow, Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan, Moldowanyň prezidenti Igor Dodon, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon hem-de Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň habar bermegine görä, sammitde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen öňe sürlen Arkalaşyga girýän ýurtlaryň arasynda Strategiki ykdysady Hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama kabul edildi. Türkmen telewideniýesinde göni ýaýlymda alnyp görkezilen çykyşynda türkmen prezidenti Arkalaşykda ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtady.

Türkmen döwlet habarlarynyň ýazmagyna görä, prezident Berdimuhamedow öz çykyşynda owgan meselesine ünsi çekdi; GDA-nyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda Owganystan boýunça syýasy geňeşmeleri geçirmäge çagyrdy. Berdimuhamedow häzirkizaman wehimlere garşy göreşmekde, şeýle-de parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde Arkalaşykda netijeli hyzmatdaşlygyň hem-de bilelikde tagalla etmegiň wajypdygyny belledi.

“Bu sepgide ýetmek aňsat däl. Biziň hemmämiz tutuş dünýäde, şol sanda Arkalaşygyň serhedine golaý çäklerde kyn ýagdaýlaryň bolup geçýändigini görýäris” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle-de, ol öz çykyşynda Türkmenistanyň Owganystana dowamly ynsanperwerçilik kömekleri ugradýandygyny aýtdy, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan ýaly halkara taslamalaryň Owganystandaky syýasy, ykdysady we ynsanperwerçilik meseleleleri bilen bagly soraglary çözmekde goşant goşjakdygyny belledi.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin GDA-nyň Aşgabatda geçirilen sammitinde özleriniň Türkmenistanyň hödürleýän Arkalaşykda Strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Jarnamasyny goldaýandyklaryny aýtdy.

GDA agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň sammitiniň çäklerinde rus prezidenti türkmen kärdeşi bilen ikiçäk duşuşdy.

Putin Aşgabatda Berdimuhamedow bilen geçiren ikiçäk duşuşygynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda söwda dolanyşygynyň soňky 7 aýyň dowamynda 62 % ýokarlanandygyny aýtdy.

Interfaks habar agentliginiň habar bermegine görä, Putin bilen Berdimuhamedow duşuşykdan soň bilelikde beýanat ýaýratdy. Onda iki lider halkara jemgyýetçiligini özbaşdak ýurtlaryň içerki işlerine maglumat tehnologiýalary arkaly gatyşylmagynyň öňüne geçmäge çagyrdy:

“Iki döwlet baştutany halkara jemgyýetçiligini maglumat tehnologiýalaryndan özbaşdak döwletleriň içerki işlerine gatyşmakda, galyberse-de terrorçylyk we jenaýatçylyk maksatlary bilen, şol sanda kompýuterlere bikanun girmek üçin hem-de zyýanly programmalary döretmek, ulanmak we ýaýratmakda peýdalanylmagyna garşy zerur bolan ähli çäreleri görmäge çagyrdy” diýlip, rus we türkmen liderleriniň bilelikde ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Sammitiň soňunda prezident Berdimuhamedow GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedewe Bitaraplyk ordenini gowşurdy.

Şeýle-de, GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Polat Bülbül ogly Türkmenistanyň prezidentine ýörite medal gowşurdy.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinden mälim bolşuna görä, duşuşyga gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen döwlet baştutanlaryny Aşgabadyň aeroportunda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow garşy almady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG