Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ‘gyzlaryň ahlagy’ baradaky ýygnaklar Aşgabatda-da geçirildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda okuwçy gyzlaryň “edep-terbiýesi barada öwüt-ündew beriji” mazmundaky ýygnaklary geçirmek nobaty Lebap welaýatyndan soňra, Aşgabada hem ýetdi. Ýöne Lebap welaýatyndan tapawutlylykda, paýtagtdaky ýygnaklar okuwçy gyzlar bilen däl-de, olaryň ejesi bilen geçirilýär.

Ýatlatsak, 9-njy oktýabrda Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy Türkmenabat şäherindäki orta we hünär mekdeplerde okuwçy gyzlar bilen ýygnaklaryň geçirilendigini we olara “edep-terbiýe barada öwüt-ündew” berilendigini habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biriniň tassyklamagyna görä, şuňa meňzeş mazmundaky ýygnaklar şu hepdäniň başyndan bäri paýtagtyň tas ähli, şol sanda Gaudan A etrapçasyndaky orta mekdeplerde geçirildi.

“Aşgabadyň orta mekdeplerinde dürli döwlet edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda ýokary klas okuwçy gyzlaryň ejesi bilen ýygnaklary geçirýärler. Ýygnaklarda okuwçy gyzlaryň ahlak terbiýesi barada gürrüň edýärler. Şeýle-de, gyzlaryň ejesine soňky döwürde okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy bilen bagly wakalaryň köpelendigini aýtdylar. Hatda 8-nji klas okuwçy gyzlaryň arasynda göwreli bolanlaryň hem bardygyny aýdypdyrlar” diýip, habarçy 10-njy oktýabrda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynda bu ýygnaklaryň anyk haýsy mekdeplerde geçirilendigi barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Habarçynyň sözlerine görä, ýygnaga gatnaşan resmiler okuwçy gyzlaryň “moral taýdan özlerini alyp baryşlary” barada hem mesele gozgap, olaryň arasynda çilim çekýänleriň we spirtli içgileri içýänleriň köpelendigini hem aýtdylar.

“9-njy oktýabrda geçirilen ýygnaklaryň birine gatnaşan aýallara ýokary klas okuwçylaryň mekdebiň arka tarapynda çilim çekýändigini görkezýän wideolar görkezildi” diýip, habarçy şeýle ýygnaklara gatnaşan aşgabatly zenanlaryň birnäçesine salgylanyp gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar barada Aşgabat şäher bilim bölüminden we ýurduň Bilim ministrliginden kommentariý almak häzirlikçe başartmady.

Ýöne bu waka, Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň geçen hepdäniň dowamynda welaýatyň kazyýet, prokuratura, polisiýa, bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň Türkmenabat şäherindäki orta we hünär mekdepleriň okuwçy gyzlary bilen ýörite ýygnaklary geçirendigi barada habar bermeginiň yzýanyna gabat geldi.

Şonda lebaply resmiler okuwçy gyzlar bilen “edep-terbiýe barada öwüt-nesihat beriji” ýygnaklaryň geçirilmeginiň sebäplerini durmuşa çykmadyk we kämillik ýaşyna ýetmedik okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy bilen bagly wakalaryň has köp göze ilmegi bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar.

Okuwçy gyzlaryň “ahlagyna gözegçilik etmek” we “wagyz-nesihat bermek” baradaky ýygnaklar, şeýle-de kämillik ýaşyna ýetmedikleriň gatnaşmagyndaky jenaýatlar we bidüzgünçilikler hakyndaky maglumatlar türkmen häkimiýetleri tarapyndan açyk agzalmaýar we bu mesele döwlet mediasynda hem gozgalmaýar.

Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary kämillik ýaşyna ýetmedik okuwçylaryň gatnaşmagyndaky wakalar barada soňky ýyllarda ençeme gezek habar berdiler.

Geçen ýylyň oktýabrynda Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçylary 7-11-nji klaslarda okaýan gyzlaryň arasynda jynsy zorluklar, olaryň öz ygtyýary bilen ten söwdasyna baş goşmagy, şeýle-de 8-9-njy klas okuwçy gyzlaryň gaçyp durmuşa çykmagy bilen bagly ýagdaýlaryň köpelendigini aýtdy.

Ýerli synçylaryň ençemesi bu ýagdaýlaryň ýurtdaky sosial kynçylyklar bilen baglanyşyklydygyny aýdyp, “häkimiýetleriň bu meseläni düýp özenine ýetmän, ýagny ýagdaýy we onuň sebäplerini çuňňur öwrenmän, ‘türkmençilik ýa-da türkmen gyzyna gelişmeýän hereketler’ diýmek arkaly ýüzleý çözmäge synanyşýandygyny” aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG