Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

GDA agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy


GDA agza ýurtlaryň döwlet baýdaklary
GDA agza ýurtlaryň döwlet baýdaklary

10 – 11-nji oktýabrda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň duşuşygy hem-de hökümet baştutanlarynyň nobatdaky sammiti geçirilýär.

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde GDA agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Resmi maglumatdan mälim bolşuna görä, duşuşygyň dowamynda taraplar Arkalaşyga agza döwletleriň daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça Maksatnamany tassyklady; maksatnamanyň çäginde möhüm halkara meseleler bilen bagly Arkalaşyga agza ýurtlaryň arasynda kollektiwleýin tagalla etmek göz öňünde tutulýar. Bu resminama 11-nji oktýabrda GDA agza ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň Aşgabatda geçiriljek sammitine hödürlener.

Daşary işler ministrleriniň Geňeşinde tassyklanylyp, anna güni GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň garamagyna hödürlenjek resminamalaryň arasynda 1941 – 1945-njy ýyllaryň II Jahan urşunda sowet halkynyň gazanan ýeňşiniň üstümizdäki ýyl bellenjek 75 ýyllygy mynasybetli Arkalaşyga agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň öz halkyna iberjek Ýüzlenmesiniň teksti hem bar. Resmi habardan mälim bolşuna görä, Ýüzlenmäniň awtorlary Türkmenistan bilen GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetidir.

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýere görä, GDA agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň ýa-da döwlet baştutanlarynyň şu wagta çenli geçirip gelýän duşuşyklary esasan formallykdan ybarat bolup durýar.

“Olaryň köp sanly ugurlary öz içine alýan uly meselelerine garamazdan, şu wagta çenli beýik sepgide ýetilen ýa-da möhüm waka öwrülen GDA sammiti ýa-da GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy, dogrusy, meniň ýadyma düşenok” diýip, Panniýer duşuşyklaryň esasan býurokratik häsiýete eýedigini aýtdy.

Ýöne, bu ýyl GDA sammitiniň Türkmenistanda geçirilmegi hem-de Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Arkalaşyga başlyklyga saýlanmagy, ekspertiň ynanjyna görä, aýratyn ähmiýete eýedir.

10-njy oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Panniýer Saparmyrat Nyýazowyň prezidentlik döwründe, mundan 15 ýyl töweregi ozallar Türkmenistan Arkalaşykdan çetde durmaga synanyşýardy.

“Ýöne soňky 1-2 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady ýagdaýynyň agyrlaşmagy bilen, hem-de Kremliň bu ýagdaýdan habarly bolmagy bilen olar Türkmenistanyň içinde ýa-da üstünde has köp täsir gazanmak ugrunda işlediler. Ynha meniň üçin bu sammitiň ähmiýeti şondadyr. Russiýa hakykatdan-da bu sammitiň Türkmenistanda geçirilmegi ugrunda tagalla etdi. Elbetde, her 10 ýa-da 11 ýylda her döwlet bir gezek Arkalaşyga başlyklyk eder ýaly, oňa başlyklyk gezekli-gezegine amala aşyrylmaly,” diýip, Panniýer belledi.

Eksperte görä, Russiýa Türkmenistanyň Arkalaşygyň doly agzasy bolmagy ugrunda tagalla edýär. Türkmenistan 2005-nji ýylda GDA guramasynyň assosirlenen agzasy boldy. Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Ermenistan, Moldowa, Özbegistan, Russiýa we Täjigistan Arkalaşygyň doly agzasy bolup, Ukraina we Türkmenistan post-sowet giňişliginde agalyk edýän gurama doly agzalykdan çetde galýar.

“Russiýa hakykatdan-da bu ýyl [sammitiň] Türkmenistanda geçirilmegini isledi. Men muňa Russiýanyň Türkmenistany Arkalaşykda doly agzalyga, özüni doly agza hasaplamaga, diňe agzalygyň adyny götermek däl, oňa doly gatnaşmaga itermeginiň alamaty hökmünde garaýaryn. Olar Türkmenistany Russiýanyň agalyk edýän beýleki toparlaryna hem goşmak islärmi? Bu özbaşyna sorag. Ýöne onuň üçin ilkinji ädim Türkmenistanyň GDA doly agza bolmagydyr. Şonuň üçin Aşgabatda geçirilýän bu sammit, meniň pikirimçe, örän möhümdir” diýip, ekspert belledi.

Russiýa Ýewraziýa ykdysady bileleşigi, Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasy ýaly post-sowet giňişliginde agalyk edýän guramalarda öňdebaryjy rol oýnaýar.

“Şonuň üçin bu ýerde sammitde maslahat edilýän temalaryň ýa-da ylalaşyklaryň has aňyrsynda öte simwolika bar” diýip, Panniýer belledi.

Arkalaşyga agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň Aşgabatda geçirilen duşuşygynda Türkmenistan oňa gatnaşyjylary üstümizdäki ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli türkmen paýtagtynda geçiriljek konferensiýa çagyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG