Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede welosipedinde neşe maddasy tapylan türkmenistanly raýat tussag edildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkiýäniň Antalýa şäherindäki Kemer şäherçesiniň polisiýasy welosipedindäki çygly salfetkanyň gabyndan neşe maddasy tapylan Türkmenistanyň raýaty Arslan Geldiýewi tussag etdi. Bu barada türk habar beriş serişdeleri habar berýärler.

“3-nji oktýabrda, penşenbe güni Kemeriň žandarma komandowaniýesiniň merkezi polisiýa bölüminiň işgärleri Göýnük mähellesiniň Kurtuluş köçesiniň ugrunda barlag işlerini geçirýän mahalynda, Türkmenistanyň raýaty Arslan Geldiýewden şübhelenip, ony saklaýarlar. Polisiýa Geldiýewiň aljyraňňy ýagdaýdadygyny duýanda, onuň welosipedindäki sebetde duran çygly salfetka gabyny açdy. Bu gapda satuwa taýýar edilen, her biri 110 gramdan ybarat 31 paket neşe maddasy tapyldy” diýip, Haberler.com neşiriniň 5-nji oktýabrda çap eden habarynda aýdylýar.

Habarda saklanan Arslan Geldiýewiň 4-nji oktýabrda sud öňüne çykarylandygy we şondan soňra tussag edilendigi bellenilýär. Onuň sud işiniň dowam edýändigi ýa etmeýändigi, şeýle-de oňa ýyl kesilendigi ýa-da kesilmändigi barada hiz çat aýdylmaýar.

Azatlyk Radiosynyň bu waka barada Kemeriň žandarma komandowaniýesiniň merkezi polisiýa bölüminden kommentariý almak synanyşyklary hem häzirlikçe netije bermedi.

Soňky ýyllarda Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar, işsizlik, azyk harytlarynyň we hyzmatlaryň gymmatlamagy bilen baglylykda, türkmen raýatlary gazanç etmegiň gözleginde Russiýa, Dubaý we GDA döwletleri bilen bir hatarda, Türkiýä ýykgyn edýärler.

Munuň bilen bir wagtda, soňky ýyllarda türk metbugatynda Türkiýede türkmenistanly migrantlar barada ýygy-ýygydan habarlar peýda bolýar.

19-njy sentýabrda Türkiýäniň “Hürriýet” neşiri Stambulyň Esenýurt etrabyndaky gymmatbaha jaýlar toplumyndaky bir öýde eneke bolup işleýän türkmenistanly zenanyň ençeme metr beýiklikden ýere gaçmagy netijesinde aradan çykandygyny habar berdi.

Bu aralykda, Türkiýede aradan çykan türkmen migrantlarynyň hossarlarynyň ýa-da dogan-garyndaşlarynyň olaryň jesedini Türkmenistana getirmekde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada hem habarlar bar.

1-nji oktýabrda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri türkmen diplomatlarynyň Türkiýede aradan çykan türkmenistanly migrant Aşyr Baýramowyň dogan-garyndaşlaryna kömek etmekden ýüz öwürýändigini habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu habarlar barada kelam agyz söz aýtmaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG