Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýylda millionlap arça eken Türkmenistan ABŞ-dan miweli bag ösdürmek tejribelerini öwrenýär


Aşgabatdaky bagbançylyk seminaryna gatnaşyjylar. ABŞ-nyň ilçihanasynyň suraty
Aşgabatdaky bagbançylyk seminaryna gatnaşyjylar. ABŞ-nyň ilçihanasynyň suraty

Birleşen Ştatlaryň Halkara ösüş agentligi (USAID) we Türkmenistanyň Senagatçylyr we telekeçiler birleşigi Aşgabatda miwe agçalaryny ösdürip ýetişdirýän bagbanlar we agronomlar üçin seminar gurnady diýip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 24-nji iýulda habar berdi.

Seminaryň dowamynda USAID-iň bagbançylyk boýunça geňeşçisi ýokary eksport mümkinçiligi bolan miweleriň ösdürilip ýetişdirilmeginiň uzagyndan ýola goýulmagynyň esasy usullary we tehnologiýalary hakynda gürrüň berdi.

Türkmenistanda ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň direktorynyň wezipesini ýerine ýetirýän Daniel Werşnaýderiň (Daniel VerSchneider) seminara gatnaşyjylara aýtmagyna görä, “Bagbançylyk Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi bolup durýar”.

Şeýle-de ol özleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşigi bilen birlikde, öndürilýän önümleriň hilini gowulandyrmak we möçberini ýokarlandyrmak üçin ýerli daýhanlara öňdebaryjy tehnologiýalary geçirmäge çalyşýandyklaryny aýtdy.

Energiýa bahalarynyň global arzanlamasyndan soň, türkmen hökümeti ýurda import edilýän azyk önümlerini, şol sanda miweleri azaldyp, oňa derek içerki bazarlary ýerli önümler bilen üpjün etmek, eksport edilýän önümleri köpeltmek syýasatyny öňe sürdi.

Şondan öň türkmen häkimiýetleri esasan gowaça we bugdaý önümçiligine üns berip, ýerli bagbanlaryň sözi bilen aýtsak, miweçilige “öweý ogul” ýaly seredýärdi.

Ýerli synçylar, Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolýan agronomlar Türkmenistanda miweli agaçlaryň daýhan üçin gowaça we bugdaý ekeniňden has amatly boljagyny öňräkden bäri aýdyp gelýärler.

Emma muňa garamazdan, ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek programmasynyň çäginde her ýyl üç million çemesi bag nahaly ekilse-de, gurak türkmen klimatyna uýgunlaşmasy kyn bolan bag nahallaryna harçlanaýan döwlet serişdesiniň ýanynda miweli baglara, üzüm nahallaryna harçlanýan serişde juda az görünýär diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.

Aşgabadyň etegindäki Akdaşaýak obasynyň Owadandepede, çägeligiň üstünde ekilen üzüm nahallary muny Berdimuhamedowyň ikinji oba hojalyk syýasyny yglan etmeginden has öň subut etdi. Azatlyk bilen 2012-nji ýylda söhbetdeş bolan ýerli synçynyň tassyklamagyna görä, üzümçilikde 4-5 gektar ýeri bolan daýhan maşgalasynyň döwlete ýük bolman özüni eklemek mümkinçiligi bar.

Üzümçilikdäki girdeji mümkinçiligi daýhanlaryň kärendeçiligiň beýleki görnüşlerine garanda has yhlasly işlemegine hem ýol açýar diýip, ahally agronompikir edýär.

Üzüm ýetişdirýän bagbanlaryň gektardan 20 tonna çenli üzüm almagy, girdeji bolsa, daýhan maşgalalarynyň netijeli işläp bilýändigini subut edýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soranagronom Azatlyk radiosyna aýtdy.

Ýöne ol bu meseläniň hemme ýerde bir meňzeş däldigini, daýhanyň aladasynyň edilmeýän ýerinde üzüm agaçlarynyň guraýandygyny hem sözüne goşdy.

Türkmenistanda häkimiýet çalşandan soň yglan edilen ikinji oba hojalyk syýasatynyň netijesiz bolmagy daýhanlaryň, ähli şert döredilse-de, netijeli işläp bilmezligi bilen düşündirildi we prezident bu meseläni ýeri hususy telekeçilere uzak möhletli bermek bilen çözmegi teklip etdi.

Bu teklipden soň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalaryna azyk bolçulygyny döretmek üçin berilýän ýer bölekleri, ýeňillikli karzlar, täze gurlan ýyladyşhanalaryň dabaraly açylyşy, daşary ýurtlara eksport edilýän önümler hakynda habar berildi.

Emma synçylar türkmen bagbanlarynyňsuw, dökün, ýer ýetmezligi, içerki bazaryň darlygy, önümi gaýtadan işleýji kärhanalaryň ýeterlik gurulmazlygy, daşarky bazarlara önüm çykarmak mümkinçiliginiň çäklendirilmegi ýaly päsgelçilikleriň ýyllarboýy saklanyp galýandygyny aýdýarlar.

Soňky ýyllarda, beýleki ugurdaky telekeçiler ýaly, bagban telekeçiler hem barha kän Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agalygy astyna düşýär, bu olaryň edýän talaplaryna eýermedik bagbanlaryň işini bes etmegine getirýär” diýip, bagbançylygyny goýbolsun edip, Türkiýä işlemäge gelen ahally zähmet migranty Azatlyga aýtdy.

XS
SM
MD
LG