Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2018-nji ýylda Türkmenistanyň 50 müňe golaý raýaty Türkiýä göçdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

2018-nji ýylda Türkmenistanyň 50 müňe golaý raýaty Türkiýä göçüp geldi. Bu barada Türkiýäniň statistika gullugynyň ýaýradan täze hasabatynda aýdylýar.

23-nji iýulda ýaýradylan we “Halkara immigrasiýa statistikasy 2018” atly hasabatda geçen ýyl Türkiýä daşary ýurtlularyň 577 müň 457 sanysynyň göçüp gelendigi we olaryň 7,5%-ni Türkmenistanyň raýatlarynyň emele getirýändigi bellenilýär.

2018-nji ýylda Türkiýä göçüp gelen daşary ýurtly immigrantlaryň 23,6%-ni Yragyň raýatlary emele getirip, sanawda bu ýurt birinji orunda ýerleşdirilipdir. Onda 9,6% bilen Owganystan ikinji, 8,4% bilen Siriýa üçünji we 6,8% bilen Eýran bäşinji orunda ýerleşdirilýär.

Bu sanawda Türkmenistan 2018-nji ýylda Türkiýä immigrasiýa gelen raýatlarynyň sany boýunça bu sanawda dördünji orunda ýerleşdirlipdir.

“Türkiýä göçüp gelen daşary ýurt raýatlaryň 11,9%-i 25-29 ýaş, 11,5%-i 20-24 ýaş, 10,3%-i 30-34 ýaş aralygyndaky adamlardyr” diýlip, Türkiýäniň statistika gullugynyň maglumatynda aýdylýar.

Ýokardaky maglumatlar Türkiýe döwletiniň berýän resmi sanlary bolup, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň we çeşmeleriniň onlarçasy bu ýurtda eklenç gözleginde zähmet çekýän türkmenistanlylaryň resmi bolmadyk sanynyň on müňlerçedigini aýdýarlar.

Türkmenistanlylaryň Türkiýä ýykgyn etmegine, hususan-da, Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň, azyk harytlarynyň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň sebäp bolýandygy aýdylýar.

24-nji iýulda Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan türkmenistanly zenan türkmenleriň daşary döwletlere göçüp gitmeginiň sebäpleriniň diňe ýokardaky däl, eýse ýurtdaky syýasy ýagdaýlar bilen hem baglanyşyklydygyny aýdýar.

“Türkmenistanda gün görmek kyn bu bir mesele, ýöne ýene bir möhüm mesele bar. Ol hem ýurtdaky syýasy režim. Nirä barsaň tanyşparazlyk, para höküm sürýär. Ulag sürseň ýa-da taksä münseň, polisiýa her ädimde saklaýar we para almak ýa-da jerime salmak üçin dürli bahanalary getirýär. Üstesine-de, arkaýyn gepläp bolanok. Bir märekede syýasy ýagdaýlary ýa-da häkimiýetleri tankytlap bir zat aýdaýsaň, şondan bir gün geçip-geçmänkä, seni ýörite gulluklaryň işgärleri çagyrýarlar. Agzyňy açar ýaly däl. Ýene-de bir giden zat bar. Ýurtdaky gysyşlar, parahorlyk ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Adamlar şu zatlardan bizar boldy. Ýagdaý şeýle bolanda, öz ýurduňda nädip ýaşajak?” diýip, adamysy we iki çagasy bilen geçen ýyl Türkiýä göçüp gelen türkmenistanly zenan aýtdy.

Munuň bilen bir wagtda, daşary ýurtlara okamaga gaýdan türkmenistanly studentleriň arasynda hem okuwy tamamlandan soňra, Türkmenistana dolanmak islemeýänleriniň az däldigi barada hem habarlar bar.

1-nji iýulda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Türkmenistana dolanmak islemeýän Belarusdaky türkmen studentleri barada habar berip, muňa ýurtdaky agyr işsizligiň, korrupsiýanyň we daşary ýurt diplomlarynyň kabul edilmezliginiň sebäp bolýandygyny aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň daşyna okamaga ýa-da işlemäge gidýän türkmenistanlylaryň sany baradaky statistiki maglumatlary halk köpçüligine mälim etmeýärler.

Azatlyk Radiosynyň türk häkimiýetleriniň ýaýradan sanlary barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Aşgabatdaky edaralary bilen telefon arkaly habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary hem häzirlikçe netije bermeýär.

Şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ygtybarly çeşmeleriniň beren – türkmen häkimiýetleri tarapyndan tassyklanmaýan, ýöne inkär hem edilmeýän – maglumatlardasoňky 10 ýylyň dowamynda 1 million 879 müňden gowrak adamyň ýurdy terk edendigi we bu sanyň ýurduň daşyna gidip-gelýän türkmenistanlylary öz içine almaýandygy aýdylýar.

Türk media serişdeleriniň Türkiýäniň Migrasiýa edarasyna salgylanyp, 2-nji iýunda beren maglumatlaryna görä, şu ýylyň diňe ilkinji dört aýynda Türkmenistandan Türkiýä jemi 82 müň 325 sany türkmenistanly sapar etdi. Bu san geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23,2% ýokary bolýar.

Türk statistika gullugynyň maglumatyna dolanyp gelsek, onda Türkiýede öň ýaşap ýören, ýöne geçen ýylyň dowamynda ýurtdan göçüp giden daşary ýurtlular barada hem maglumat berilýär.

“2018-nji ýylda 323 müň 918 daşary ýurtly Türkiýeden başga döwletlere göçüp gitdi. Olaryň 5,4%-ni Türkmenistanyň raýatlary emele getirýär” diýlip, maglumatda aýdylýar.

Ýöne hasabatda bu türkmen raýatlarynyň yzyna Türkmenistana dolanandygy ýa-da beýleki döwletlere göçüp gidendigi barada hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG