Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň Onkologiýa merkezinde sowadyjylar işlemeýär


Onkologiýa keselhanasynda, Türkmenistan (arhiw suraty)
Onkologiýa keselhanasynda, Türkmenistan (arhiw suraty)

Aşgabadyň Onkologiýa merkeziniň binasynda sowadyjylar işlemeýär. Bu barada paýtagtyň merkezindäki bu keselhana baryp gaýdan Azatlygyň habarçylary 16-njy iýulda gürrüň berdiler.

- Häzir tomsuň 47 gradusa ýetýän iň yssy pursadynda köp gatly binanyň içerki sowadyjy sistemasy işlemeýär. Merkeziň içi hassalardan hyryn-dykyn, adamlar analizlerini tabşyrmak üçin her bir kabinetiň öňündäki nobatlarda birnäçe sagadyny yssyda geçirýärler, käbirleri özünden gidýärler. Lukmanlaryň kabinetleriniň içinde hem howa dymyk. Olaryň köpüsi öz şahsy wentilýatorlaryny ulanýarlar. Operasiýa ediljek hassalar wentilýatorlary ýany bilen getirýärler, - diýip habarçylarymyzyň biri aýtdy.

Onkologiýa merkeziniň 12 gatly binasy Aşgabadyň merkezinde ýerleşýär. Bina 45 million amerikan dollaryna 2009-njy ýylda gurlupdy.

Häzirki wagtda keselhananyň binasynda sowadyjylaryň işlemezligi bilen bir hatarda onuň aýnalary hem açylmaýar.

- Jaýyň howasyny täzelemek üçin aýnalar açylmaýar, sebäbi Arçabil şaýoly 'protokol köçesi' diýilýän esasy köçeleriň biri, - diýip habarçymyz aýtdy.

Azatlygyň habarçylarynyň ýene biriniň sözlerine görä, Onkologiýa merkezinde sowadyjylaryň işlemezligi bilen bagly problema birnäçe ýyl bäri dowam edýär.

Azatlyk Radiosy bu döwrebap binanyň howasyny täzelemek we sowatmak boýunça sistemasynyň näsazlygynyň sebäplerini anyklamaga synanyşýar. Emma bu barada keselhananyň özünden kommentariý alyp bolmady.

​Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligine degişli bu keselhana öz müşderilerine pully hyzmatlary hödürleýär.

- Operasiýalar pully, olaryň ortaça bahasy 2000 manat çemesi, şeýle-de lukmanlar üçin tölegleri aýratyn ylalaşýarlar. Şonuň üçin olaryň işi yzygiderli tertipde amala aşyrylýar, operasiýalar köplenç taýýarlyksyz amala aşyrylýar. Näsagyň şekerini, holesterinini peseltmeýärler, ganyny suwuklandyrmaýarlar. Operasiýalardan soň hassalaryň ýagdaýynyň agyrlaşýan halatlary köp bolýar. Üstesine, hassalar operasiýa üçin ähli däri-dermanlary, medisina ýüplerinden hasa çenli özleri satyn alyp getirmeli bolýarlar. Käte, getirilmeli serişdeleriň doly sanawyny hem bermeýärler, şonda mydama käbir zatlary, hatda agyz suwuny goşmaça satyn almaly bolýar, - diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Azatlygyň habarçylarynyň we redaksiýamyza ýüzlenýän türkmenistanlylaryň sözlerine görä, saglygyny barlatmak we bejertmek hyzmatlary köpler üçin elýeterli däl.

- Saglygyňy bejertmegiň bahalary pensionerler, az girdejili maşgalalar we işsizler üçin elýeterli däl, şonuň üçin ilatyň uly bölegi medisina kömeginden mahrum bolup, onkologiýa kesellerinden ölýär, - diýip Azatlyk bilen söhbetdeş bolan Aşgabadyň ýaşaýjysy aýtdy.

Türkmenistanda ilat tarapyndan giňden ulanylýan Imo sosial ulgamynda hem rak keselinden, aýratyn-da, leýkemiýadan ejir çekýänlere kömek etmegi soraýan adamlaryň çagyryşlary yzygiderli çap edilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we sosial meseleler boýunça departamentine hödürlenen Türkmenistanyň Meýletin milli synyna görä, Türkmenistanda ilatyň ölümine getirýän esasy keselçilikleriň biri ýürek-damar kesellerinden soň, onkologiýa keselleri bolup durýar.

Maglumatda adam ölümleriniň 12 prosentini emele getirýän onkologiki keseller barada statistiki sanlar getirilip, Türkmenistanda erkek adamlaryň ölümlerine getirýän esasy keselleriň hatarynda traheýanyň we bronhlaryň rak keseli, ýagny bokurdak düwüni, inçekesel, aşgazandaky düwün, hem-de bagyrdaky düwün we öt haltanyň kanallaryndaky düwün agzalýar. Maglumatda Türkmenistanda aýallarda duş gelinýän esasy onkologiki keseller boýunça süýt mäzlerindäki düwün hem-de ýatgy boýunjygyndaky düwün agzalýar.

Soňky aýlarda Türkmenistanda derman gytçylygy hem güýçlendi. Habarçylarymyzyň sözlerine görä, munuň bilen bir wagtda-da, ýurtda resmi medisina derek ilatyň tebiplere ýüz tutýan ýagdaýlary köpleýär.

Rus dilinde okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG