Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gazprom” bilen “Türkmengazyň” arasyndaky wagtlaýyn gaz ylalaşygynyň möhleti tamamlandy


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

1-nji iýulda Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň arasynda wagtlaýyn baglaşylan gaz şertnamasynyň möhleti tamamlandy.

“Gazprom Eksport” 15-aprelde ýaýradan beýanatynda Russiýanyň iýun aýynyň ahyryna çenli Türkmenistandan gaz satyn aljakdygyny aýdyp, onuň möçberini mälim edipdi.

“Şertnama laýyklykda, 2019-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli 1,155 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny satyn almak planlaşdyrylýar” diýlip, “Gazpromyň” beýanatynda aýdyldy.

Duşenbe güni bu şertnamanyň möhleti tamamlandy.

Ýöne iki ýurduň arasynda täze gaz ylalaşygynyň baglaşylyp baglaşylmandygy barada maglumat ýok.

Ýatlasak, Russiýanyň premýer ministriniň birinji orunbasary Sergeý Prihodko Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet ýolbaşçylarynyň Aşgabatda geçirilen soňky sammitinde eden çykyşynda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda orta möhletli täze gaz ylalaşygynyň göz öňünde tutulýandygyny, onuň 2019-njy ýylyň 3-nji çärýeginde güýje girmeginiň mümkindigini aýdypdy.

“2019-njy ýylyň mart we aprel aýlarynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, Gazprom Türkmenistanyň gazyny satyn almak boýunça gysga möhletli ylalaşyga gol çekdi. Biz häzirki wagtda “Türkmengaz” kompaniýasy bilen orta möhletli ylalaşyk boýunça iş alyp barýarys. Bu ylalaşyk 2019-njy ýylyň 3-nji çärýeginde güýje girmegi mümkin” diýip, Prihodko mälim etdi.

Ýöne bu gepleşikleriň detallary henize çenli jemgyýetçilige mälim edilmeýär.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleri, şol sanda Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) iki ýurduň arasynda 15-nji aprel – 30-njy iýun aralygynda öz güýjüni saklan wagtlaýyn gaz ylalaşygy barada asla habar bermedi.

Beýleki tarapdan, 28-nji iýunda TASS habar gullugy “Gazprom” kompaniýasynyň başlygy Alekseý Milleriň sözlerine salgylanyp, 2019-njy we 2020-nji ýyllarda Russiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndan her ýyl 20 milliard kub metr töweregi gaz satyn almagy göz öňünde tutýandygyny habar berdi.

Ýöne onuň näçe böleginiň türkmen gazyna degişlidigi aýdylmaýar.

Ondan ozal maý aýynda Russiýanyň Türkmenistan bilen 5 ýyllyk orta möhletli gaz ylalaşygyny planlaşdyrýandygy habar berildi.

Bu barada “Interfaks” habar agentligi 16-njy maýda Russiýanyň energiýa ministriniň orunbasary Anatoliý Ýanowksiýniň sözlerine salgylanyp habar beripdi.

Habarda aýdylmagyna görä, täze şertnama esasynda türkmen gazynyň Russiýa iberilmegi 2019-njy ýylyň ikinji ýarymynyň başlaryndan başlanmagy mümkin.

“Häzirki wagtda 5 ýyl möhlete çenli orta möhletli şertnama baglaşmak boýunça gepleşikler geçirilýär. Şu ýylyň ikinji ýarym ýyllygynyň başyndan başlap [gas ibermek işleri başlap biler]” diýip, “Interfaks” Ýanowskiýniň sözlerini getirdi.

Galyberse-de, Russiýanyň “Gazprom Eksport” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti bilen Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni gaz dawalaryny arbitraž sudunda çözmek tagallalaryny bes etmek boýunça 2019-njy ýylyň başynda ylalaşdylar.

Ýatlasak, Russiýa 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistandan gaz satyn almagy doly bes edipdi.

Bu ädim berk walýuta çeşmesi hökmünde uglewodorod serişdelerinden gelýän girdejä güýçli garaşly bolan Türkmenistanyň ykdysadyýetine ep-esli basyş etdi. Türkmenistan soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklary başdan geçirip geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG