Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi işe başlady


ABŞ-nyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Mettýu Stiwen Klimow. TDH-nyň suraty
ABŞ-nyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Mettýu Stiwen Klimow. TDH-nyň suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy iýunda ABŞ-nyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Mettýu Stiwen Klimowy kabul etdi, ol döwlet baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary, “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň işi barada pikir alşyldy.

TDH-nyň maglumatyna görä, bu geňeşiň işi özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge gönükdirilendir.

Duşuşykdasebit we dünýä howpsuzlygy, häzirki zamanwehimlerine garşy bilelikde garşy durmak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Habarda aýdylmagyna görä, bu meseledeTürkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýollar bilen düzgünleşdirmäge, goňşy döwleti durmuş-ykdysady taýdan täzeden dikeltmäge goşýan uly goşandy nygtaldy.

13-nji iýunda Döwlet departamenetinde ABŞ-nyň Türkmenistandaky geljekki ilçisi hökmünde kasam kabul eden täze ilçi ozalky harby.

Ol Harby akademiýany tamamlandan soň, 1974-nji ýyldan 2003-nji ýyla çenli Birleşen Ştatlaryň harby güýçleriniň hatarynda gulluk etdi, batalýon we brigada derejelerinde harby serkerde boldy, “Çöl tupany” operasiýalaryna goldawy üçin “Kümüş ýyldyz" aldy we polkownik derejesinde dynç alşa çykdy.

Klimow ilçilige bellenmezinden öň ABŞ-nyň Döwlet departmaneitinde uly geňeşçi bolup işledi, ondan öň Brýusselde NATO-nyň baş sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary boldy.

Klimowyň öz senat çykyşynda Aşgabat babatynda tankydy pikirlerini hem aýtdy we türkmen hökümeti bilen “tutanýerli we gurujy” gatnaşyklary gurmak niýetini bildirdi.

Amerikan alymy Wiktoriýa Klementiň “The Diplomat” neşirinde ýazmagyna görä, Klimow Türkmenistandaky “gowuşgynsyz hukuk bazasy we aşa býurokatiýa” garşy erjel göreşmek bilen, adam hukuklary meselesindäki düýpli meseleleri çözmegi maksat edinýär.

XS
SM
MD
LG