Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bilermenler Aşgabatda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň ähtimallygyna ünsi çekýärler


illýustrasiýa suraty
illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň ýaşaýjylary ýaşaýyş jaýlarda mör-möjekleriň we gemrijileriň ýaýramagyna garşy özbaşdak göreşmegini dowam etdirýärler. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda aşgabatlylary esasan büreler we syçanlar bimaza edýär.

Habarçylaryň sözlerine görä, şu günki gün öň görlüp eşidilmedik möçberde köpelen mör-möjekler ýerzeminlerde döreýär we soň ýaşaýyş jaýlara ýaýraýar. Soňky günlerde şeýle wakalaryň Aşgabadyň Howdan B we 11-nji etrapçalarynda ýüze çykandygy habar berilýär.

Ýerli ýaşaýjylar bu ýagdaýyň döremeginiň sebäbini golaýda bolan sil-ýagynlardan soň binalary çyg basmagynda görýärler.

Emma bilermenler büreleriň we syçanlaryň köpelmeginiň bir birine baglydygyny belläp, häzirki ýagdaýda adam üçin howply keselleriň ýüze çykmagynyň örän ähtimaldygyny duýdurýarlar.

"Men 'Örän howply keselleriň öňüni almak boýunça merkezi stansiýanyň' baýry işgäri bilen söhbetdeş boldum, ol gyrgynyň döräp bilmeginden howatyr edýär. Muňa-da, alakalar we beýleki gemrijiler tarapyndan ýaýradylýan büreler sebäp bolýar, gyrgynyň tebigy ojaklary bolsa paýtagtyň täze Aşgabat diýlip tanalýan demirgazyk böleginiň çäginde ýerleşýär. Ýyl ygally boldy, ýabany ösümlikler hem köpeldi, bu bolsa gemrijiler üçin esasy iýmit bolýar we olaryň köpelmegine getirýär. Munuň yzýany howply ýagdaý döreýär, keselçilik ýabany haýwanlaryň we adamlaryň arasynda ýaýraýar" diýip, ýokanç keseller boýunça bilermen Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysyna aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, Türkmenistanda epidemiýalara degişli ýagdaýyň gözegçiligini Türkmenistanyň saglyk ministrligine degişli "Örän howply keselleriň öňüni almak boýunça merkez" amala aşyrýar. ​

Azatlyk Radiosy bu edaranyň wekillerinden resmi görnüşde kommentariý alyp bilmedi.

Aşgabatly bilermenleriň sözlerine görä, mör-möjekleriň we gemrijileriň köpelmeginiň fonunda howply keselleriň epidemiýasy 1990-njy ýyllaryň aýagynda we 2003-2004-nji ýyllarda ýüze çykypdy. Şonda habar beriş serişdeleri gyrgynyň we sibir başy keselleriniň adamlara ýokaşandygyny habar beripdi.

"Şondan soňky ýyllarda, howply kesellere, esasan sowet döwründen galan serişdeleriň hasabyna gözegçilik amala aşyrylypdy, hem şäheriň özünde, hem-de onuň daşynda, şol sanda büreleriň köpelmegine we ýaýramagyna üns berlipdi" diýip, bilermen aýdýar we Türkmenistanyň prezidentiniň "sosial arassaçylyk we saglygy saklaýyşy guramalaşdyrmak" ugry boýunça ylmy derejesiniň bardygyna we onuň şäherde mör-möjekleriň hem gemrijileriň köpelmeginiň döredýän howpy barada düşünjesiniň bolmagyna ünsi çekdi.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň prezidenti şäherde mör-möjekleriň köpelendigini tassyklady we olara garşy çäre görülmegini talap etdi.

Maý aýynyň başynda Aşgabatda kebelekler, tagta biti öň görlüp eşidilmedik derejede köpeldi. Olara garşy himiki serişdeleri pürkmek çärelerini geçirýän häkimiýetler soňra sakyrtgalara garşy göreşe girişdi.

Emma habarçylarymyzyň sözlerine görä, himiki serişdeler esasan merkezi köçeleriň ugrundaky ösümliklere sepilýär, jaýlaryň ýerzeminleri bolsa ünsden düşürilýär.

Bilermenleriň pikirine görä, büreleriň we gemrijileriň ýaýramagyna pişikleriň ýok edilmegi, şeýle-de arassaçylyk şertleriň berjaý edilmezligi esasy sebäp bolýar.

"Pişikleri ýok etmeli däl. Mundan başga-da ýene birnäçe sebäp bar. Hapa-hupadan doly ýerzeminlere, köp sanly skladlara, ýerzeminlerdäki kafelere we dükanlara hem gemrijiler üçin iýmit elýeterliligini döredýän ýerlere gowşak gözegçilik edilýär" diýip, Azatlyk bilen gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan aşgabatly ekolog aýdýar.

Türkmenistanyň paýtagtynyň häkimiýetleri 2017-nji ýyldan bäri öýsüz haýwanlary, şol sanda pişikleri doly ýok etmek boýunça giňişleýin göreş alyp barýarlar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG