Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda saglyk işgärlerinden suw, gaz we tok üçin tölegleri töländikleri barada kwitansiýa talap edilýär


Saglyk işgärleri. Arhiwden alnan surat
Saglyk işgärleri. Arhiwden alnan surat

Daşoguz welaýatynda saglyk pudagynyň işgärleri suw, gaz we elektrik togy üçin aýlyk tölegleri töländikleri baradaky kwitansiýany edara ýolbaşçylaryna tabşyrmaga mejbur edilýärler.

Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biriniň 6-njy iýunda beren maglumatyna görä, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary kwitansiýany getirmedik saglyk işgärlerini işe goýbermezlikde gorkuzýarlar.

“Häzirlikçe işe goýberilmedik ýa-da işden çykarylan işgäriň bardygyny eşitmedim. Ýöne eýýäm maý aýynyň ahyryndan bäri welaýatyň saglyk pudagyna degişli dürli edara-kärhanalarda işgärlerden özleriniň suw, gaz we elektrik togy üçin aýlyk tölegleri töländikleri barada kwitansiýa tabşyrmagy ýa-da näme üçin tölemändiklerini düşündirmegi talap edýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, habarçy ýurduň demirgazyk welaýatyndaky ýaşaýyş jaýlarynda oturdylan gaz, suw we elektrik toguny hasaplaýjy enjamlaryň aglabasynyň işlemeýändigini hem belledi.

“Muňa garamazdan, saglyk işgärleri bu tölegleri tölemäge mejbur edilýär. Barybir, birmeňzeş töleg tölärsiňiz diýip, ortaça nyrhda töleg töledýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy gaz, suw we elektrik toguny hasaplaýjy enjamlaryň hatardan çykmagy bilen bagly ýagdaýyň paýtagtda hem gaýtalanýandygyny tassyklap, şeýle diýdi:

“Ukrainadan satyn alnan gaz hasaplaýjy enjamlaryň aglabasynda näsazlyk bar. Olar döwülýär ýa-da olaryň işinde näsazlyk bolýar. Mysal üçin, men Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda oturdylan hasaplaýjylaryň ençemesiniň işlemegi bes edendigini bilýärin. Ýaşaýjylar şäheriň gaz edarasyna jaň edip, tehniki işgärleri çagyranda, olar hasaplaýjylara eli bilen urýarlar. Şondan soňra olaryň käbiri işleýär, käbiri şonda-da işlemeýär” diýip, habarçy aşgabatlylaryň ençemesine gaz töleglerini ýylyň ahyrynda tölemek barada görkezme berlendigini hem aýtdy.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Daşoguz welaýat Saglygy saklaýyş bölümi we “Aşgabatgaz” dolandyryş edarasy bilen habarlaşyp, häzirlikçe kommentariý alyp bilmedi.

Türkmen hökümeti 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ondan ozal ilata mugt we ýeňillikli berlen gazy, togy, suwy we beýleki hyzmatlary tölegli etdi. Şondan soň Aşgabatda we welaýatlarda edara-kärhanalaryň işgärlerinden gaz, suw ýa-da elektrik togy üçin tölegleri öz wagtynda töländikleri barada resminamalar, kwitansiýalar talap edilip başlandy.

8-nji aprelde Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri, edara-kärhanalaryň ençemesinde, hususan-da, “Aşgabatagyzsuw” edarasynda suw üçin töleg pullaryny öňünden tölemedik işgärlere mart aýynyň aýlyklarynyň berilmejekdiginiň duýdurylandygyny habar berdi.

Şeýle-de, şu ýylyň başyndan ýurduň gazetlerinde elektrik energiýasy, gaz we suw üçin tölegleri öz wagtynda tölemedik ýaşaýjylaryň bu hyzmatlarynyň kesiljekdigi baradaky bildirişler hem çap edildi.

Şol bir wagtyň özünde, fewral we mart aýlarynda Aşgabatda ýaşaýjylaryň gazyň, elektrik togunyň we suwuň mugt döwründe sarp eden serişdeleri üçin ýokarlandyrylan, täze nyrhlarda töleg tölemäge mejbur edilýändigi hem habar berildi.

Maý aýynyň ortalarynda bolsa, Aşgabatgaz” dolandyryş edarasynyň işgärleri öýme-öý aýlanyp, ýaşaýjylardan tebigy gaz geçirijilerden rugsatsyz turbalary çekmejekdikleri we ulanmajakdyklary baradaky “Gadagannama” atly resminama gol goýmagy talap etdiler.

Türkmenistanda ilata çärýek asyrlap mugt berlen hyzmatlaryň ýatyrylmagy, ýurtda indi iki ýyla golaý wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, şol sanda günübirin ulanylýan azyk önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy dowam edýän mahalynda amala aşdy.

Aziýanyň ösüş bankynyň 2019-njy ýyl üçin yklymyň ösüş çaklamalary boýunça çap eden soňky hasabatynda türkmen ykdysadyýetiniň kynçylykly şertleri ykrar edilýär. Şeýle-de, hasabatda hökümetiň amala aşyrýan ýeňillik reformalaryny, olaryň sosial täsirini hasaba goşup, durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG